SYÝASAT
1 minut okamak
Ysraýyl Gazada 6-sy çaga azyndan 12 palestinaly öldürdi
Ysraýylyň Gaza ynsanperwer kömeginiň berilmegini bökdemegi söweş sebäpli harabalyga öwrülen sebitde uly gytçylyga sebäp boldy.
Ysraýyl Gazada 6-sy çaga azyndan 12 palestinaly öldürdi
27 Mart 2025

Çarşenbe güni ir ertir Ysraýylyň söweş sebäpli harabalyga öwrülen Gaza guran hüjümlerinde 6-sy çaga azyndan 12 palestinaly ýogaldy. Ysraýylyň hüjümlerinde ýaşaýyş jaýlary we asuda ilat nyşana alyndy.

Anadolu habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Gazanyň demirgazygyndaky Jibaliýa sebitinde Al Nejjar maşgalasynyň öýüni nyşana alan hüjümde 6-sy çaga 8 palestinaly ýogaldy. Köp sanly adam hem ýaralandy.

Gazanyň merkezinde ýerleşýän Bureýj bosgun düşelgesindäki ýaşaýyş jaýlaryndan birine guralan hjümde hem ataly-ogul ýogaldy.

Günortadaky Han Ýunusda bolsa asuda ilaty nyşana alan hüjümlerde 1-i zenan 2 palestinaly ýogaldy, birnäçe adam ýaralandy.

Şaýatlara görä, sebitde gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.

Çarşenbe güni guralan bu hüjümler, Ysraýylyň mart aýynyň başyndan bäri Gaza berilýän ynsanperwer kömegini bökdemegi sebäpli azyk ýetmezçiliginiň gün saýyn agyrlaşýan günlerinde guraldy.

Ysraýylyň harby goşuny, Gaza Sektorynda 19-njy ýanwarda güýje giren ylalaşykdan soň 18-nji martda ir ertir ýaňadandan hüjüm guramaga başlady. Şol günden bäri esasy bölegi ýaşulylardan, zenanlardan we çagalardan ybarat 792 palestinaly ýogaldy, 1663 adam ýaralandy.

Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany bolsa 50 müň 144 adama, ýaralananlaryň sany bolsa 113 müň 704 adama ýetdi.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Hegset: ABŞ we Hytaý dartgynlygy gowşatmak üçin harby aragatnaşyk ulgamyny döreder
Hakan Fidan BMG-na reforma çagyryşyny berdi
Tramp-Putin duşuşygy Moskwanyň Ukraina boýunça talaplary sebäpli bes edildimi?
Hytaýyň global dolandyryş başlangyjy Türkiyäniň täze dünýä tertibi baradaky garaýşy bilen utgaşýar
Germaniýanyň Federal Kansleri Mers Türkiýe bilen ýakyn hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär
Tramp ABŞ-nyň ýadro ýaraglaryny synagdan geçirmäge başlamagy üçin görkezme berdi
Stambul Pakistan-Owganystan gepleşiklerine ýer eýeçiligini eder
Maduro ABŞ-na ýüzlendi: “Haýyş edýärin, uruş turmasyn!”
Müsür BMG-ni Gaza parahatçylyk missiýasyny gyssagly herekete geçmäge çagyrýar
Hytaýyň döwlet başlygynyň orunbasary Szinpin-Trump duşuşygyndan öň ABŞ-ny 'hyzmatdaşlyga" çagyrdy
Tramp Russiýanyň prezidenti Putin bilen "biderek geçjek duşuşyk" islemeýändigini aýtdy
Tufan Erhurman DKTR-nyň täze prezidenti boldy
Kipr türk halky täze prezidentini saýlamak üçin ses berýär
Türkiýe Gaza goldaw bermäge dowam eder
Erdogan Türkiýäniň Gazada yzygyderli parahatçylyga goldaw berýändigini aýtdy
Türkiýe, DKTR-nyň Parlamentiniň iki döwletli çözgüd kararyna kanagatlanma bildirdi
Türkiye, Müsür, Katar we ABŞ Gaza ýaraşyk şertnamasyna gol çekdiler
“Erdogan Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmeginde uly rol oýnap biler”
Ysraýyl ylalaşygyň çäginde palestinli tussaglylary boşatmaga başlady
Dünýä ýurtlary Gaza ylalaşygyna goldaw berýär