SYÝASAT
2 minut okamak
Maduro ABŞ-na ýüzlendi: “Haýyş edýärin, uruş turmasyn!”
Maduro ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Waşingtonyň sebitleýin neşe söwdasyna garşy göreş kampaniýasynyň çäginde Wenesuela garşy gizlin operasiýalary geçirmek hakyndaky taslamany tassyklamagyndan soň çagyryş etdi.
Maduro ABŞ-na ýüzlendi: “Haýyş edýärin, uruş turmasyn!”
Maduro: “Haýyş edýärin, uruş turmasyn!” / Reuters
24 اکتبر 2025

Wenesuelanyň Prezidenti Nikola Maduro penşenbe güni ABŞ-nyň harby operasiýalarynyň artmagy sebäpli dartgynlygyň möwç almagyndan soň “pajygaly uruşa” garşy çagyryş etdi.

Maduronyň bu beýannamasy ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň Günorta Amerika ýurduna garşy gizlin operasiýa geçirilmegine rugsat berendigini aýtmagyndan soň berildi. Waşington Karip adalaryndaky we Ýuwaş umman sebitindäki bikanun neşe söwdagärlerine garşy harby operasiýa geçirýär.

Maduro çepçi liderler bilen  liderler bilen utgaşykly kärdeşler arkalaşyklary bilen geçiren maslahatynda iňlis dilinde “Hawa, parahatçylyk! Baky parahatçylyk, haýyş edýän pajygaly uruş turmasyn!” diýdi.

ABŞ-nyň anti-narkotiki tagallalarynyň çäginde gizlin harby uçarlar we gämiler ornaşdyryldy, emma nyşana alan sekiz gämisinde we ýarym çümüji ulagdan neşe söwdasyny edýandigi henize çenli haýsydyr bir delil ýüze çykmady.

Penşenbe güni žurnalistlere beýanat beren Tramp Wenesuela B-1B bombardyman uçarlarynyň ugradylandygyny ýene-de bir gezek ret etdi, emma “Bolup geçýänler bizi hoşal etmeýär. Tussaghanalaryny ýurdumyza boşatdylar” diýdi.

Prezident Tramp konstitutsion ygtyýary bolan Kongresden “uruş etmäge ygtyýar sorama zerurlygynyň ýokdugyny” we “diňe ýurtlaryna geçýän adamlary öldürjekdiklerini” beýan etdi.

ABŞ-nyň 2-nji sentýabrda başlan hüjümleri ABŞ-nyn görkezijilerine esaslanýan “AFP-niň” hasabatna görä azyndan 37 adamyň ölmegine sebäp boldy. Operasiýa sebäpli sebitleýin dartgynlyklar güýjedi. Maduro bolsa Waşingtonyň ýurtda dolanşyk ulgamyny üýtgetmäge çalyşýandygyny beýan etdi.

Wenesuela harby goşuny herekete geçirýär

Wenesuelanyň Goranmak ministri Wladimir Padrino Lopez penşenbe güni ýaragly güýçleriň Karaip deňizindäki Amerikan deňiz güýçleriniň sanynyň artdyrylmagyna gaýtawul görkezmek üçin utgaşyklyk hem-de taýýarlyk taýdan “iň ýokary çäge” ýetmek üçin ýurduň kenarýaka zolagyna doly ornaşdyrmanyň dowam edýändigini habar berdi.

Döwlet teleýaýlymyndan berilen habara gör Lopez kenarýaka sebitlerinde “gara ýollarynda gözegçilik operasiýalary, awia gözegçilik, barlag we radio operasiýalary, dron bilen gözegçilikler we amfibiýa manýowrýary” ýaly giň gerimli harby taýýarlyklar hakynda giňişleýin maglumat berdi.

Bu bildiriş Prezident Maduronyň çarşenbe güni Wenesuelanyň “5 müňden gowrak” rus önümi Igla-S raketasynyň bardygyny beýan etmegine soň berildi. Maduro Igla-S-ni “bar bolan iň güýçli ýaraglardan biri” hökmünde häsýetlendirdi we şol ätiýajyň Wenesuelanyň halkynyň “parahatçylygyny, durnuklylygyny we asudalygyny” kepillendirmek üçin taýýarlanandygyny aýtdy.

Kolymbiýa ABŞ-nyň gury ýer operasiýasyny basyp alyjylyk hökmünde kabul edýär

Kolumbiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Gustawo Petro penşenbe güni beren beýannamasynda bikanun neşe söwdasyna garşy göreş bahanasy bilen Kolumbiýanyň territoriýasynda geçirilmegi ähtimal Amerikan operasiýasynyň “basyp alyjylyk we milli özygtyýarlylygy basgylamak” boljakdygyny aýtdy.

Petro bu beýanaty ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň sebitde gury ýer operasiýalarynyň geçirilmegine rugsat berendigi hakyndaky soraga jogap hökmünde berdi. Kolumbiýanyň döwlet Ýolbaşçysy neşe gatnadýandygy öňe sürülen gämilere ABŞ tarapyndan guralan we 30 adamyň ýogalmagna sebäp bolan hüjümeri ýazgardy.