Pakistanda terrorçylara degişli gaçybatalgada bolan partlamada azyndan 24 adam ýogaldy
Pakistanyň howpsuzlyk güýçleri Haýber, Bajaur we ýurduň demirgazyk-günbataryndaky beýleki ýerlerde TTP terrorçylaryna garşy operasiýalar geçirýär.
Polisiýa gullugy tarapyndan berlen beýanatda, Pakistan Talibanyna agza terrorçylar tarapyndan gaçybatalgada gizlenen bomba materiallarynyň duşenbe güni ýurduň demirgazyk-günbatarynda partlandygy we aralarynda terrorçylar we asuda ilat hem bolan azyndan 24 adamyň ýogalandygy habar berildi.
Partlama Haýber Pahtunhwa welaýatynyň Tirah jülgesinde bolup, partlama töwerekdäki birnäçe öýi hem weýran etdi. Ýerli Polisiýa gullugynyň işgäri Zafar Khan partlamada aralarynda zenanlar we çagalar hem bolan asuda ilatdan azyndan 10 adamyň ýogalandygyny we azyndan 14 terrorçynyň ölendigini habar berdi.
Khan Pakistan Talibany hökmünde tanalýan Tehrike Taliban Pakistan (TTP) guramasyna degişli 2 ýerli serkerde bolan Aman Gul we Masood Khanyň şol ýerde gizlenendigini we ol ýeri ýoluň gyrasynda partladylýan bombalary ýasamak üçin ulanylandygyny öňe sürdi.
Khan mundan başgada TTP agza terrorçylary asuda ilaty galkan hökmünde ulanmak bilen günäkärledi.
Pakistanyň howpsuzlyk güýçleri Haýber, Bajaur we ýurduň demirgazyk-günbataryndaky beýleki ýerlerde TTP terrorçylaryna garşy operasiýalar geçirmäge dowam edýär.