TÜRKIÝE
1 minut okamak
Türkiýe Gresiýada türk azlygynyň mekdebine guralan hüjümi ýazgardy
Türkiýe Gresiýadaky türk azlygynyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi we jenaýatçylaryň gyssagly anyklanmagy üçin gyssagly işe girilmegi boýunça çagyryş etdi.
Türkiýe Gresiýada türk azlygynyň mekdebine guralan hüjümi ýazgardy
Türkiýe Gresiýada türk azlygynyň mekdebine guralan hüjümi ýazgardy / AA
9 Ýanwar 2026

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat Sekretýary Önjü Keçeli anna güni sosial media platformasy X-de Gresýanyň Günbatar Frakiýa sebitindäki Garajaoglan obasynda ýerleşýän we 2021-2022-nji okuw ýylynda Gresiýanyň adminstrasiýasy tarapyndan ýapylan Günbatar Frakiýadaky türk azlyğyna degişli başlangyç mekdebine kimdigi näbelli adamlar tarapyndan guralan hüjümi ýazgarýarys” diýip ýazdy.

Garajaoglan obasyndaki hüjümiň jogapkäriniň kimdigine garamazdan wakanyň anyklanmagyna, jenaýatçylaryň gyssagly tapylmagyna we degişli çäreleriň görülmegine grek adminstrasiýasyndan garaşýandyklaryny nygtan Keçeli; “Türkiýe Günbatar Frakiýadaky türk azlygynyň Lozanna Ýaraşyk Şertnamasy bilen kepillendirilen hukuklaryň hem-de bähbitleriň goralmagy bilen gyzyklanmaga dowam etjekdigimizi nygtaýarys” diýip, ýazdy.

Günbatar Frakiýa Türk Azlygynyň Arkalaşyk Geňeşi hem şeýle wakalaryň ozalam başdan geçirilendigini ýatladyp, hüjümi ýazgardy.