YSRAÝYLLY ESGERLER KOWAN PALESTINALY DAÝHANYŇ ZEÝTUNLARYNY OGURLADYLAR
00:20
Dünýä
YSRAÝYLLY ESGERLER KOWAN PALESTINALY DAÝHANYŇ ZEÝTUNLARYNY OGURLADYLAR
Ysraýylly esgerler daýhanlary ekin meýdanlaryndan kowup, zeýtunlaryny ogurladylar

Ramallah şäheriniň demirgazygyndaky Sinjil şäherçesinde ysraýylly esgerler, palestinaly daýhanlary zeýtun ekilen ekin meýdanlaryndan çykaryp, sebiti “ýapyk harby zolak” hökmünde yglan etdiler we ondan soň zeýtunlary özleri ýygnadylar. Ýerli halk hasyllaryň ýygnanýan möwsüminde bular ýaly görnüşli wakalaryň barha artýandygyny, daýhanlaryň öz ekin meýdanlarynda artýan çäklendirmelere, bikanun jöhit ýaşaýjylaryň we harbylaryň zorluklaryna sezewar galýandyklaryny aýdýarlar. BMG-niň Gumanitar Işleri Koordinasiýa Edarasynyň berýän habaryna görä, şu ýylky zeýtun hasyl möwsümi, 2020-nji ýyldan bäri basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada iň köp weýrançylyga we bikanun jöhit ýaşaýjylaryň hüjümlerine sezewar galan döwür boldy. Edaranyň maglumatyna görä, 70 şäherçede we obada jemi 126 hüjüm hasaba alyndy, 4000-den gowrak zeýtun agajyna we nahala zeper ýetirildi.

Başga wideolar
Çilide güýçli sal apaty başdan geçirildi
Ysraýylyň Gazada guran howa hüjüminde azyndan bäş adam ýogaldy
Nýu-Ýorkda ICE işgäri bir adama ot açdy
PANAMADA 7,7 BAL ULULYGYNDA ÝER TITREMESI BOLDY
Ysraýylly esgerler Beýt Ummer etrapçasynda 65 ýaşly zenany ýençdiler
Ysraýylly esgerler Liwanyň günortasynda basyp alan öýleriň birinde şüweleň geçirýärler
Sionizmi tankytlan ysraýylly tanymal ruhany Ysraýylda uly reaksiýa döretdi
Ysraýyl güýçleri Al Halildäki palestinaly çagalara ot açdylar
Hindistan polisiýasy oppozisiýa liderini we deputatlary iki günüň dowamynda üçünji gezek tussag etdi
7-nji oktýabrda dört aýry materikdäki aktiwistler Gaza üçin protest geçirdiler