Bir tarapda sombrerolar beýleki tarapda polisiýa işgärleri
Dünýä
Bir tarapda sombrerolar beýleki tarapda polisiýa işgärleri
Bir tarapda sombrerolar beýleki tarapda polisiýa işgärleri: Meksika we ABŞ futbol ýygyndylaryny garşylaýarlar

Meksika Koreýanyň we Ýaponiýanyň futbol ýygyndylaryny sombrero we mariaçi aýdym-saz toparlary bilen garşylan bolsa, internetde paýlaşylan materiallarda Özbegistanyň we Senegalyň ABŞ-da berk howpsuzlyk barlaglaryndan geçirilendigi görkezildi we bu ýagdaý internet gurşawynda uly göwrümli nägilelikleriň bildirilmegine sebäp döretdi. 

Ak Tamyň ýokary derejeli resmisi sişenbe güni köp sanly halkara gatnaşyjylaryň 2026-njy ýyldaky FIFA dünýä çempionatyna ABŞ-na girmegine gadagançylyk girizmek baradaky karary goldap, bu çäreleriň howpsuz gurşawy üpjün etmek üçin zerurdygyny aýtdy.

Ak Tamyň FIFA Dünýä Kubogy boýunça iş toparynyň ýerine ýetiriji direktory Endrýu Giuliani somalili emin agza Omar Abdulkadir Artana päsgelçilik döredilmegi baradaky kararyň "örän esasly sebäplere esaslanýandygyny" öňe sürdi, ýöne ondan başga jikme-jik maglumat bermedi.

Giuliani şeýle hem Afrikada Senegal we Merkezi Aziýada Özbegistan ýaly ýurtlaryň toparlaryna garşy berk howpsuzlyk barlaglarynyň girizilendigi baradaky habarlara ünsi çekip, "ikinji barlagyň" ähli janköýerleriň we türgenleriň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin durmuşa geçirlen standartlaryň bir bölegidigini aýtdy.

Başga wideolar
TÜRKIYÄNIŇ GOŞUNYNYŇ KIPR ADASYNDA OPERASIÝA GEÇIRMEGINE SEBÄP BOLAN WAKALAR
YSRAÝYL GÜÝÇLERI REÝD MAHALYNDA IKI PALESTINALYNY ÖLDÜRDI
UKRAINANYŇ DRON BILEN GURAN HÜJÜMINDEN SOŇ RUSSIÝADAKY AMMARLARYŇ BIRINDE ULY ÝANGYN BOLDY
HINDISTANYŇ POLISIÝASY TÄZE-DELIDE "TARAKAN" HEREKETINIŇ PROTESTÇILERINE GARŞY GÜÝÇ ULANDY
Ysraýylly gelmişekler Nablusda palestinlilere degişli ekin meýdanlaryny oda berdi
Howpsuzlyk kameralary ysraýylly gelmişekleriň bir binany oda beren pursadyny görkezýär
ISRAYILIŇ GURAN HÜCÜMINDE BIRI ÇAGA PALESTINLI 5 ADAM YOGALDI
Türkiýedäki ýürek şekilli köl gülgüne reňke bürendi
ABŞ EÝRANA ÝENE-DE HÜJÜM ETDi, TÄHRAN HEM ABŞ-NYŇ HARBY DESGALARYNY NYŞANA ALDY
PROTESTÇILER TUSSAG EDILEN GAZA HASSAHANASYNYŇ MÜDÜRINIŇ AZAT EDILMEGINI ISLEDILER