9 Maý 2025
Hindistanyň Ysraýylda öndürilen ve IAI (Ysraýylyň Awiasiýa we kosmos senagaty edarasy) tarapyndan dizaýn edilen, “Elbit Systems” firmasynyň kömekçi kärhanalarynyň komponentleri bilen işleşýän “Harop” dronlaryny ulanmagy Pakistan bilen bolan dartgynlygyň hasam möwjemegine sebäp boldy.
Soňky ýazgylar Pakistanyň howa goranyş ulgamy tarapyndan guralan köp sanly öňüni alyş manýowrlaryny görkezýär. Ol, sebitleýin çaknyşyklaryň has-da durnuksyzlaşýan günlerinde Hindistanyň Ysraýyl bilen goranyş pudagyndaky gatnaşygynyň çuňlugyny görkezýär.
