EÝRAN YSRAÝYLA GARŞY “DOKUZYNJY TOLKUN” HÜJÜMLERINI BAŞLATDY
00:26
Dünýä
EÝRAN YSRAÝYLA GARŞY “DOKUZYNJY TOLKUN” HÜJÜMLERINI BAŞLATDY
Eýranyň “dokuzynjy tolkun” hüjümlerinde Tel-Awiwde sirenalaryň sesi ýaňlandy.

Tähran Tel-Awiwiň Eýranyň döwlet telewideniýesine guran hüjüminden soň, Ysraýyla garşy “dokuzynjy tolkun” hüjümlerini başlatdy. 

Haaretz gazediniň habaryna görä, Tel-Awiwde we Ysraýylyň ähli ýerinde sirenalaryň sesi ýaňlandy. 

Anna güni Ysraýylyň Eýrandaky harby we ýadro desgalary bilen birlikde ençeme aýry nokada utgaşykly ýagdaýda hüjüm guramagy we Tähranyň oňa jogap hökmünde hüjümler guramagyndan soň dartgynlyk artypdy. 

Ysraýylly resmiler anna gününden bäri, Eýranyň raketaly hüjümlerinde azyndan 24 adamyň ýogalandygyny we ýüzlerçe adamyň ýaralanandygyny habar berdiler. 

Eýran bolsa Ysraýylyň hüjümlerinde azyndan 224 adamyň ýogalandygyny we 1000-den gowrak adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.


Başga wideolar
Türki döwletler jenaýatçylyga garşy göreş üçin bilelikdäki mehanizmi dörederler.
Ysraýylly gelmişek palestinli ýetginjege od açdy
Ukrainanyň adyndan içalylyk edýändigi sebäpli Britaniýanyň ilçihanasynyň işgäri tussag edildi
Sloweniýada müňlerçe adam Ysraýylyň ilçihanasynyň ýapylmagy üçin ýöriş geçirdi
Kipriň grek böleginde günsaýyn artýan Ysraýyl eýeçiligi käbir soraglary ýüze çykarýar.
Britaniýanyň Ysraýylyň bikanun ilatly zolaklaryna garşy girizen sanksiýalary nämäni aňladýar?
Hindistanly resmiler bir gün öňünden duýduryş berenden soň 73 musulman maşgalanyň öýüni ýykdy
DÜNÝÄNIŇ ÄHLI KÜNJEGINDEN TOMAŞAÇYLARY ÖZÜNE ÇEKEN ÖZBOLUŞLY ÇARWA OÝUNLARYŇ ATMOSFERASY
Liwanly habarçy göni efirde hüjüme sezewar galdy
ÝAPONIÝANYŇ NAGOÝA SEBITINDE SIL APATY BAŞDAN GEÇIRILDI