19-njy dekabr türkmençe habarlaryň gündeligi
00:00
00:0000:00
Dünýä
19-njy dekabr türkmençe habarlaryň gündeligi
Günüň möhüm habarlary
19 Dekabr 2024

ABŞ we arap töwellaçylary Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda 14 aýdan bäri dowam edýän Gaza urşuny duruzmak üçin ylalaşyk gazanmaga çalyşýar. Gepleşikler hakynda beýanat beren palestinaly resmilerden biri töwellaçylaryň teklip edilen ylalaşygyň esasy böleginde garaýyş tapawutlyklaryny azaldandygyny aýtdy. Kairdäki çeşmeler hüjümleriň bes edilmegi we ýesirleriň çalşylmagy hakyndaky ylalaşygyň birnäçe günüň dowamynda netijelenip biljekdigini beýan etdi.

 ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň ozalky ýokary derejeli resmisi ABŞ-nyň Palestgina meselesinde syýasatynyň ýokdugyny we alyp barýan işleriniň esasy böleginiň Ysraýylyň isleglerine esaslanýandygyny aýtdy. İýul aýynda Gazada premýer-ministriň syýasy geneşçisiniň orunbasarlygyndan çekilen Maýk Keýsi “Ze Guardian” gazetine beren interwýusynda tankydy belliklerini beýan etdi. Keýsi “Palestina meselesinde syýasatymyz ýok. Diňe ysraýyllylaryň bizden isleýänlerini ýerine ýetirýäris” diýdi.

Media gulluklarynyň beýan etmegine görä Ysraýyl Husi söweşijileri bilen dartgynlygy güýçlendirip, Ýemendäki elektrik beketlerine, deňiz portuna we nebit desgasyna harby howa hüjümüni gurady. Husilere degişli Al-Masira ýaýlymy hüjümleriň paýtagt Sanadaky iki elektrik bekedine guralandygyny, nebit desgalaryndan birine zeper ýetirendigini we Hudeýde portuny bombalandygyny habar berdi. Al Jaziranyň habar bermegine görä ýaýlym “Duşman porta dört, nebit desgasyna iki hüjüm gurady” diýip mälim etdi.

Prezident R.T.Erdogan Türkiýäniň Liwanyň  “jebisligine we parahatçylygyna” goldawynyň dowam etjekdigini nygtady we halkara jemgyýetçiligini; “Ysraýylyň geçen aý Liwan bilen gazanylan ylalaşygyň şertlerine ýerine ýetirmegi üçin gysyş etmäge çagyrdy.

Liwanyň Premýer-ministri Najip Mikati bilen bilelikde metbugat ýygnagyny geçiren Erdogan, Liwany durnuksyzlaşdyrmak ugrundaky tagallalary ýazhardy we Ysraýylyň sebäp bolan ýitgisiniň öweziniň dolunmalydygyny beýan etdi.

Liwanyň howpsuzlygynyň sebitleýin durnuklylyk taýdan iňňän möhümdigini nygtan Erdogan, Türkiýäniň we Liwanyň Siriýanyň dikeldilmegine goldaw bermek meselesinde bilelikdäki kepilligini beýan edip, ähli taraplary uruşda haraba öwrülen ýurtda durnuklylygyň ýola goýulmagyna goşant goşmaga çagyrdy.

 ABŞ-nyň Merkezi banky (FED) infliýasiýa bilen bagly aladalaryny we saýlanan Prezident Donald Trampyň ykdysady gün-tertibi boýunça näbälligini sebäp görkezip, syýasat göterimini 0,25 bal aşakladyp, 4,25-4,50 aralygyna çenli düşürdi. FED-iň kararynda gelejekde göterim aşaklatmalarynyň has pes boljakdygy nygtalyp, 2025-nji ýylda dört çärýek ballyk aşaklatma çaklamasyny iki bala düşürdi. Syýasaty kesgitleýijiler şeýle hem ykdysady panorama boýunça artan seresaplylyga laýyklykda 2024-nji ýyl üçin inflýasiýa çaklamasyny 2,1 göterimden 2,5 göterime çykardy.

Has köp diňlemek
Günüň möhüm habarlary|13.03.2026
Seýrek ýer elementleri
Emeli aň terapiýasy
Negatiw pikiriň güýji Noseba täsiri
Günüň möhüm habarlary|09.03.2026
Galyndy ýaglar
Sarp edýän azyklarymyzyň psihologiýamyza ýetirýän täsirleri
Sosial mediadan ýüz öwürmek bagtly durmuşyň açary bolup biler
Gorky, bynjalyk ediji duýgulardan biri
Horlanma sanjymlary