Erdogan Ysraýylyň “döwlet terroryny” ýazgardy, Palestine goldaw berdi

Erdogan musulman ýurtlaryny nyşana alýan Ysraýylyň hüjüm ediji syýasatyna garşy kanuny taýdan degişli çäreleriň görülmegi üçin çagyryş berdi.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan, Ysraýylyň Gaza, Siriýa, Liwana, Ýemene we Eýrana guran hüjümlerinden soň Dohada gepleşiklere gatnaşýan Hamasyň wekiliýetine guran hüjümini “gorkaklyk” hökmünde häsiýetlendirdi.

“Bu hüjüm Ysraýylyň basyp alyjy syýasatyny açyk-aýdyň görkezýär” diýen Erdogan, Dohada geçirlen Arap-Yslam sammitinden soň metbugata beýannama berdi.

Türkiýäniň Kataryň we Palestiniň halkyna goldaw berýändigini aýdan Prezident Erdogan, hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna gynanç bildirdi, ýaralananlara gyssagly şypa diledi.

Erdogan nobatdan daşary ýagdaýda geçirlen sammitiň musulman ýurtlarynyň Ysraýylyň hüjümlerine garşy berk tutum alyp barýandygyny görkezýändigini belledi.

Ysraýylyň hüjümleriniň diňe Palestini däl, eýsem musulman ýurtlaryny nyşana alandygyny aýdan Erdogan, Ysraýylyň hüjüm ediji syýasatyna garşy kanuny taýdan degişli çäreleriň görülmegi üçin çagyryş berdi.

BMG-nyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýork jarnamasyny 142 ses bilen kabul etmegine kanagatlanma bildiren Erdogan, bu ýagdaýy iki döwletli çözgüt üçin diplomatik tagallalarda öwrülşik nokady hökmünde häsiýetlendirdi.

Prezident Erdogan “Bu waka Ysraýylyň halkara derejesinde çetleşdirilýändigini görkezýär” diýdi.

Ýalan senariler

Sebitde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda durup geçen Erdogan, serhetleriň täzeden kesgitlenilmegi baradaky ýalan senarileri ret etdi.

Erdogan şuňa meňzeş senarileriň diňe Ysraýylyň “radikal we faşist ideologiýasynyň gün tertibine hyzmat edýändigini nygtady.