SYÝASAT
2 minut okamak
ABŞ Fransiýanyň Palestiniň garaşsyzlygyny ykrar etmek hakyndaky karary sebäpli gazaplanýar
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio Fransiýanyň BMG-da Palestini ykrar etmek boýunça meýilnamasyny tankytlap, onuň Hamasy güýçlendirjekdigini we parahatçylyga zeper ýetirjekdigini duýdurdy.
ABŞ Fransiýanyň Palestiniň garaşsyzlygyny ykrar etmek hakyndaky karary sebäpli gazaplanýar
ABŞ Fransiýanyň Palestiniň garaşsyzlygyny ykrar etmek hakyndaky karary sebäpli gazaplanýar / Reuters
25 Iýul 2025

Resmi Waşington Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynda Fransiýanyň Palestin döwletini resmi taýdan ykrar etmegine gazaplandy.

Döwlet sekretary Marko Rubio penşenbe güni giçara X platformasyndan beren habarnamasynda; “ABŞ, Emmanuel Makronyň BMG-niň Baş Assambleýasynda Palestin döwletini ykrar etmek hakyndaky meýilnamasyny güýçli ret edýär” diýip ýazdy.

Rubio 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Palestiniň söweşjeň topary tarapyndan guralan serhetaşa hüjümi göz öňünde tutup; “Bu äsgermezçilikli karar diňe Hamasyň propogandasyna hyzmat edýär we parahatçylygy bökdeýär. Ol, 7-nji oktýabrda gurban bolanlara çalynan şarpyk haşýetinde” diýdi.

Makron penşenbe güni Nýu-Ýorkda geçirilen dünýä liderleriniň ýyllyk maslahatynda Palestini ykrar etmek boýunça niýetini beýan edidi we Palestiniň döwlet Ýolbaşçysy Mahmud Abbasa ýazan açyk hatynda şulary beýan etdi: “Siziň kepillikleriňiziň şöhlesinde sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynda Fransiýany Palestini döwlet hökmünde ykrar edýändigini tassyklamak meni buýsandyrar. Şeýlelikde Fransiýa Ýakyn Gündogarda parahatçylyga ygrarly goşant goşar we goşulmak isleýän ähli halkara ýaranlaryny herekete geçirer.”

G7-niň Palestini ykrar etjek ilkinji agzasy

Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu Makronyň bu göçümini berk tankyt etdi we bar bolan şertlerde Palestini ykrar etme kararynyň “terrory sylaglaýandygyny we Gazada görülşi ýaly Eýranyň beýleki bir ýaranyny döretme howpuny özünde jemleýändigini” aýtdy.

ABŞ-nyň Ysraýyldaky İlçisi Maký Hýukabi Makronyň Palestin döwletini ykrar etmegini ýaňsylap; “Makron “Palestin döwletini bir taraply görnüşde “yglan etdi”, emma şol döwletiň nirede boljakdygyny aýtmady. İndi şuny aç-açan aýdyp bilerin: Fransiýa, fransuz Riwiýerasyny berer we täze döwletiň ady “Frans-en-Stin” bolar” diýip, ýazdy.

Fransiýa dünýäniň ykdysady taýdan ösen ýurtlarynyň G7 toparynyň Palestin döwletini ykrar eden ilkinji agazasy bolar. Häzirki wagtda BMG-na agza 193 döwletden 147 sanysy Palestin döwletini resmi taýdan ykrar edýär.

Palestiniň wise-premýeri Huseýin Al Şeýh Makronyň kararyna kanagatlanma bildirdi we ony “Fransiýanyň halkara hukugyna goýýan saparsynyň we palestin halkynyň öz ykbylany kesgitleme hukugyna berýän goldawynyň görkezijisi” hökmünde häsýetlendirdi.

ÇEŞME:TRT Global