Prezident Rejep Taýýip Erdogan Ysraýylyň öz borçlaryny ýerine ýetirmeýändigini we Gaza iberilýän ynsanperwer kömege bilkastlaýyn böwet bolýandygyny aýtdy.
Prezident Erdogan çarşenbe güni Ankarada Adalat we Ösüş partiýasynyň giňeldilen welaýat başlyklarynyň maslahatynda eden çykyşynda: "Ysraýyl şeýle ynsanperwerlik meselesinde-de beren sözüni berjaý etmeýär, toslama bahanalar bilen ynsanperwerlik kömeginiň ýetirilmeginde yzygiderli kynçylyklary we päsgelçilikleri döredýär" diýdi.
“11-nji oktýabrdan bäri Gazada ot açyşlyk bes edilse-de, Ysraýylyň harabaçylyga öwüren ýaşaýyş jaýlarynda kynçylyklar dowam edýär” diýip, aýdan Prezident Erdogan Türkiyäniň geljekki döwürde palestinalylara berýän goldawyny artdyrjakdygyny beýan etdi.
Prezident: "Bu mübärek üç aýyň dowamynda Palestina berýän kömegimizi has-da artdyrarys. Türkiye hökmünde biz kabul etmeris, dymmarys, unutmarys we Gazany asla ýalňyz goýmarys" diýdi.
Erdogan Türkiyäniň bu pozisiýasynyň giň ynsanperwer kömek syýasatynyň bir bölegidigini belläp, ýurduň mätäçlere yzygiderli kömek berýändigini belledi.
Erdogan: “Kawkazdan Balkanlara, Afrikadan Aziýa çenli, kim kynçylyk çekse, ikirjiňlenmän olara kömek berdik. Düýn şeýle bolupdy, şu gün hem şeýle we ertir hem hiç haçan üýtgemez” diýdi.
Türkiye parahatçylygy goldaýar
Prezident Erdogan Türkiyäniň parahatçylygy goldaýandygyny, ýöne adalatsyzlygy kabul etmejekdigini nygtady.
Prezident Erdogan: “Geçmişde bolşy ýaly, şu günki gün hem parahatçylygyň we asudalygyň tarapdarydygymyzy hemmeler bilsin. Emma bu biziň adalatsyzlygy kabul etjekdigimizi ýa-da zulumyň öňünde dymjakdygymyzy aňlatmaýar. Hiç haçan bolmaz” diýip belledi.
Erdogan Türkiyäniň sebitleýin düşünişmezçiliklerde öz hukuklaryny berk gorajakdygyny belläp: “Men muny şu ýerde örän açyk we aýdyň beýan edýärin. Gündogar Ortaýer deňzinde, Egeýde ýa-da başga bir ýerde bolsun, biz hiç kimiň hukuklaryny bozmarys we hukuklarymyzyň bozulmagyna ýol bermeris” diýdi.
Içeri howpsuzlyk meselesiniň hem üstünde durup geçen Erdogan: “Terrordan azat Türkiye tapgyrynda öňe gidişlikler edýäris, serhetlerimizden daşary pessimizm atmosferasy hem ýok bolmaga we arap, kürt, türkmen, sünni we şaýy doganlarymyz geljegine has uly umyt bilen garamaga başlady” diýdi.
Erdogan: “Türkiye ahyrsoňy parahatçylyk, howpsuzlyk, ösüş we rowaçlyk ýoluna düşdi. Nesip bolsa bu ýoly ahyryna çenli sabyr bilen dowam etdirer” diýdi.

















