SYÝASAT
1 minut okamak
Eýran ABŞ-na degişli MQ-9 we Lukas kysymly dronlary urup düşürendigini habar berdi
Eýranyň harby goşuny ABŞ-na degişli MQ-9 we Lukas kysymly dronlary Pars aýlagynda urup düşürendigini habar berdi.
Eýran ABŞ-na degişli MQ-9 we Lukas kysymly dronlary urup düşürendigini habar berdi
Eýran ABŞ-na degişli MQ-9 we Lukas kysymly dronlary urup düşürendigini habar berdi / Reuters
 

Eýranyň harby goşuny, ýurduň howa goranyş ulgamlarynyň Pars aýlagynda ABŞ-na degişli MQ-9 we Lukas kysymly iki drony urup düşürendigini öňe sürdi.

Eýranyň Ýaragly güýçleriniň ýarym resmi “Tasnim” habarlar gullugyna beren beýannamasynda, Lukas kysymly dronyň Ormuz bogazynyň günbatarynda Howa goranyş güýçleriniň ýerli ulgamlary arkaly hatardan çykarlandygy nygtaldy.

Eýranyň harby goşuny, ABŞ-na degişli MQ-9 kysymly dronyň hem strategiýa taýdan uly ähmiýete eýe bolan bogazyň gündogarynda urlup düşürlendigini aýan etdi.

ABŞ tarapyndan öňe sürülýän garaýyşlar barada heniz hiç hili beýannama berilmedi.