Kurtulmuş: "Siriýanyň territorial bitewiligi we milli özygtyýarlylygy ýüz öwrülmesizdir” diýdi
Mejslisiň başlygy Numan Kurtulmuş: "Borçnamalar ýerine ýetirildigi saýyn hakyky parahatçylyk gazanylar" diýip belledi.
Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Numan Kurtulmuş Siriýanyň territoriýal bitewiliginiň we milli özygtyýarlylygynyň "ýüz öwrülmesizdigini" aýtdy.
Numan Kurtulmuş sişenbe güni sosial media arkaly beren beýanatda jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň, jemgyýetiň ähli gatlaklaryny öz içine alýan adalatly wekilçilik ulgamynyň we demokratik Siriýanyň "sebitiň ätiýaçlandyryşy" boljakdygyny habar berdi.
Kurtulmuşyň aýtmagyna görä, Türkiye Siriýadaky integrasiýa tapgyrynda edilen güýçli ädimlere ýakyndan gözegçilik edýär we gazanylan öňegidişligi takdyr edýär.
Kurtulmuş Siriýanyň hökümeti bilen terror guramasy ÝPG-niň arasynda 2025-nji ýylyň 10-njy martynda gol çekilen ylalaşygyň we 30-njy ýanwardaky ylalaşygyň şertlerine doly eýermegiň Siriýa parahatçylyk we sebite durnuklylyk getirjekdigini belläp: "Bu borçnamalar ýerine ýetirildigi saýyn hakyky parahatçylyk gazanylar" diýip nygtady.
Kurtulmuş, harby we dolanşyk taýdan tapgyrlaýyn integrasiýany maksat edinýän ylalaşygyň sebitleýin parahatçylyk üçin “gymmatly mümkinçilikdigine” ünsi çekdi we bu integrasiýanyň Siriýanyň döwlet kuwwatyny artdyrjakdygyny we täze howpsuzlyk arhitekturasyna ýol açjakdygyny aýtdy.
Kurtulmuş, Siriýanyň her bir raýatyna syýasy ulgamda hiç hili şahsyýeti, ynanjy ýa-da pikiri çetleşdirmezden "mertebeli we howpsuz" orun berilmelidigini nygtady we böleklere bölünmegiň, dargamagyň, wekilçilik gurluşlarynyň we hakyky bölünmeleriň hiç kime parahatçylyk getirmändigini belledi.
“Siriýa siriýalylaryňkydyr” diýip aýdan Numan Kurtulmuş Türkiyäniň Siriýanyň dikeldilmeginde, onuň institutlarynyň berkidilmeginde, serhet howpsuzlygynyň döredilmeginde we terrorçylyga garşy göreşde ähli zerur goldawy bermäge taýýardklaryny ýene bir gezek nygtady.