Eýranyň Atom energiýasy gullugynyň başlygy Mohammad Eslami, Ženewada geçirlen gepleşiklerden soň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň harby operasiýa ähtimallygyna ünsi çekendigini nygtady.
Eslami hiçbir ýurduň Tähranyň urany kämilleşdirmek hukugyndan mahum edip bilmejekdigini belledi.
Eslami penşenbe güni “Etemad” gazetine beren beýannamasynda “Ýadro senagynyň özeni kämilleşdirmekdir. Bu etapda ýadro ýangyjyna mätäçlik duýulýar. Eýranyň ýadro meýilnamasy, Halkara Atom energiýasy gullugynyň kadalaryna bap gelýär we hiçbir ýurt Eýranyň bu tehnalogiýany parahatçylykly maksatly ulanmak hukugyndan mahrum edip bilmez” diýdi.
Eslami sişenbe güni Ženewada Tähran bilen Waşingtonyň arasynda Omanyň töwellaçylyk etmeginde geçirlen gepleşikleriň ikinji tapgyryndan soň metbugata beýannama berdi.
Iki duşman iýun aýynda başdan geçirlen 12 gün dowam eden Eýran-Ysraýyl söweşinden soň gepleşikleriň ilkinji tapgyry 6-njy fewralda Omanda geçirlipdi.
Söweşde Ysraýyla goldaw beren ABŞ hem Eýranyň ýadro desgalaryna hüjüm gurapdy.
“Golaýda”
ABŞ-nyň Prezidenti Tramp, Trut Sosial arkaly beren habarnamasynda ABŞ-nyň Eýrany nyşana alyp biljekdigini öňe sürdi.
Waşington birnäçe gezek Eýrany urany kämilleşdirmek tagallalaryndan ýüz öwürmegi üçin çagyryş etdi.
Günbatarly ýurtlar Eýrany ýadro ýaragyna eýe bolmaga çalyşmakda günäkärledi.
Tähran bolsa jemgyýetçilik maksatly bu tehnalogiýa eýe bolmak hukugynyň bardygyny nygtaýar.
Ylalaşyk gazanylmagy üçin Eýrana basyş edýän Tramp, sebite “armada” hökmünde häsiýetlendirlen deňiz güýçlerini ornaşdyrdy.
Beýleki tarapdan Eýranyň deňiz güýçleri Ormuz bogazynyň golaýynda harby türgenleşik geçirdi.
Eýran bilen Russiýanyň deňiz güýçleriniň penşenbe güni Oman deňziniň we Hindi okeanynyň demirgazygynda birlikde harby türgenleşik geçirendigi habar berildi.














