SYÝASAT
2 minut okamak
Trampyň adminstrasiýasy žurnalistlere we talyplara wyza çäklendirmesini girizmegi meýilleşdirýär
Meýilnama görä talyp wyzalarynyň möhleti 4 ýyl möhlet bilen we daşary ýurtly žurnalistlere berilýän wyzalaryň möhleti bolsa 240-gün bilen çäklendirilýär.
Trampyň adminstrasiýasy žurnalistlere we talyplara wyza çäklendirmesini girizmegi meýilleşdirýär
Trampyň adminstrasiýasy žurnalistlere we talyplara wyza çäklendirmesini girizmegi meýilleşdirýär
29 Awgust 2025

Trampyň adminstrasiýasy daşary ýurtly talyplaryň, medeni çalşyk maksatnamasyna gatnaşýanlaryň we daşary ýurtly žurnalistleriň ABŞ-na ýaşajak möhletlerini çäklendirýän täze düzgüni gün-tertibine getirdi.

“Federal Registerde” penşenbe güni neşir edilen teklip, talyplar üçin “F” tipli wyza, çalşyk maksatnamasyna gatnaşyjylar üçin “Ž” tipli wyza we daşary ýurtly media işgärleri üçin “Y” tipli wyza berýän bolsa, dowam edýän “hukuk derejesiniň möhletine” deň ýaşaýyş möhletiniň berilmegini bes etmegi nazarda tutýar.

Bar bolan düzgün wyza şertleri berjaý edilen halatynda wyza eýeleriniň maksatnama ýa-da iş möhletleri boýunça ýurtda ýaşamagyna rugsat berýärdi.

Emma Içerki howpsuzlyk ministrligi bu ulgama üýtgetme girizip, durnukly möhletli düzgüne geçmek isleýäri.

Düzgünnamanyň taslamasyna görä talyp we çalşyk maksatnamasynyň gatnaşyjylarynyň wyzalary 4 ýyl möhlet bilen çäklendiriler.

Daşary ýurtly žurnalistleriň möhleti bolsa 240 güne düşüriler. Hytaýyň raýatlary üçin şol möhlet 90 gün bolar.

Häzirki şertlerde wyza eýeleri düzgünleri berjaý eden halatynda wyzalarynyň möhletini uzaltman, ýaşaýyş möhletini uzaldyp bilýär.

“Wyzadan hyýanatçylykly peýdalanmak”

Teklip edilýän üýtgetme bilimini ýa-da iş möhletini gutarmak üçin artykmaç wagt talap edýän wyza eýeleri möhlet uzaltmak üçin ýüz tutmaly bolar.

Içerki howpsuzlyk ministrligi çap eden birildirişinde “Esasy bölegi immigrant däldigine garamazdan bellenen möhlet üçin kabul edilýän “F, Ž we Y” tipli wyza degişli daşary ýurtlular häzirki wagtda immigrant bolmadyk hukuk derejelerinin şertlerini berjäý eden möhletiniň dowamyna kabul edilýärler” diýilýär.

“Içerki howpsuzlyk ministrligi bar bolan düzgünnamalarda kabul ediliş möhletini “hukuk derejesiniň möhletinden” “üýtgewsiz möhletli kabul edişe” öwürip, üýtgetme etmegi nazarda tutýar” diýilýär.

Resmiler täze ulgamyň “wyzadan hyýanatçylykly peýdalanylmagyna” garşy göreşmek we degişli şertler bilen ABŞ-na gelenleri “degişli tertipde barlama we derňeme” şertlerini giňeltmek üçin döredilendigini beýan etdiler.

Täze düzgün daşary ýurtly talyplary kabul edýän uniwersitetleri we daşary ýurtly habarçylar bilen işleşýän media guramalaryny aladalandyrdy.

Synçylar üýtgetmäniň ýurda barmazdan ozal giňişleýin barlagdan geçirilen guramalar we adamlar üçin näbellilik hem-de adminstratiw çykdajylary ýüze çykaryp biljekdigini aýdýarlar.

Halk köpçüliginiň teplik hakyndaky garaýyşlaryny Federal eRulemaking portaly arkaly ýetirmek üçin 30 gün möhleti bar.

 Içerki howpsuzlyk ministrligi güzgünnamany kabul etmezden ozal garaýyşlary we teklipleri seljerer.

ÇEŞME:TRT World
Öwren
Hegset: ABŞ we Hytaý dartgynlygy gowşatmak üçin harby aragatnaşyk ulgamyny döreder
Hakan Fidan BMG-na reforma çagyryşyny berdi
Tramp-Putin duşuşygy Moskwanyň Ukraina boýunça talaplary sebäpli bes edildimi?
Hytaýyň global dolandyryş başlangyjy Türkiyäniň täze dünýä tertibi baradaky garaýşy bilen utgaşýar
Germaniýanyň Federal Kansleri Mers Türkiýe bilen ýakyn hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär
Tramp ABŞ-nyň ýadro ýaraglaryny synagdan geçirmäge başlamagy üçin görkezme berdi
Stambul Pakistan-Owganystan gepleşiklerine ýer eýeçiligini eder
Maduro ABŞ-na ýüzlendi: “Haýyş edýärin, uruş turmasyn!”
Müsür BMG-ni Gaza parahatçylyk missiýasyny gyssagly herekete geçmäge çagyrýar
Hytaýyň döwlet başlygynyň orunbasary Szinpin-Trump duşuşygyndan öň ABŞ-ny 'hyzmatdaşlyga" çagyrdy
Tramp Russiýanyň prezidenti Putin bilen "biderek geçjek duşuşyk" islemeýändigini aýtdy
Tufan Erhurman DKTR-nyň täze prezidenti boldy
Kipr türk halky täze prezidentini saýlamak üçin ses berýär
Türkiýe Gaza goldaw bermäge dowam eder
Erdogan Türkiýäniň Gazada yzygyderli parahatçylyga goldaw berýändigini aýtdy
Türkiýe, DKTR-nyň Parlamentiniň iki döwletli çözgüd kararyna kanagatlanma bildirdi
Türkiye, Müsür, Katar we ABŞ Gaza ýaraşyk şertnamasyna gol çekdiler
“Erdogan Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmeginde uly rol oýnap biler”
Ysraýyl ylalaşygyň çäginde palestinli tussaglylary boşatmaga başlady
Dünýä ýurtlary Gaza ylalaşygyna goldaw berýär