MEGA atly emeli aň bilen işleýän ynsan şekilli robot Türkiýäniň Kaýseri şäherinde häkimligiň işgärlerine dükanlary barlamakda kömek berýär.
Melikgazi şäher häkimligi tarapyndan işe girizilen robot gözegçilik toparlaryna ýoldaş bolup, harytlaryň baha ýazgylaryny okaýar, olary kassadaky bahalar bilen deňeşdirýär. Şeýle hem önümleriň ýaramlylyk möhletini we arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişini barlamaga ýardam edýär.
