16-njy dekabr türkmençe habarlaryň gündeligi
00:00
00:0000:00
Türkiýe
16-njy dekabr türkmençe habarlaryň gündeligi
Günüň möhüm habarlary
16 Dekabr 2024

Ysraýyl 24 sagadyň dowamynda 110-dan gowrak palestinalyny öldürdi

Ysraýylyň goşuny ýurtlaryndan jyda düşürilen adamlary, asuda ilaty we häkimligiň işgärlerini rehimsizlik bilen nyşana almaga dowam edýär.

Palestinanyň Gazadaky metbugat gullugynyň beýan etmegine görä, 24 sagadyň dowamynda 110-dan gowrak adamy öldürdi.

Ysraýylyň Beit Hanondaky gaçybatalga öwrülen mekdebe guralan pajygaly hüjümlerinden birinde azyndan 43 adam öldi.

Geçen ýyl genosidiň başlamagyndan bäri Ysraýylyň hüjümlerinde 213-den gowrak gaçybatalga Ysraýylyň hüjümlerine sezewar boldy we azyndan 94 jemgyýetçilik goranyş gullukçysy Ysraýylyň bombardymanynda ýogaldy.

Media gullugy şeýle hem Ysraýylyň goşunynyň soňky günlerde lukmançylyk toparlaryna we hassahanalara yzly-yzyna hüjümler gurandygyny, köp sanly lukmanyň hem-de işgäriň öldürilendigini habar berdi.

 

BMG-niň ýörite wekili Siriýanyň gelejegi hakynda pikir alyşmak üçin HTŞ-nin liderleri bilen duşuşdy

BMG-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Siriýadaky soňky wakalar hakynda pikir alyşmak üçin Haýat Tahir al-Şamoň (HTŞ) lideri Ahmad aş-Şara bilen duşuşdy.

Siriýanyň wagtlaýyn hökümetinden alynan maglumata görä Geir Pedersen Başar Asadyň häkimiýetden çetleşdirilmeginden bäri ilkinji gezek Damaska sapar edip, Şara bilen duşuşdy.

Şara Duşuşykda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň 2254 belgili kararynyň Siriýadaky bar bolan şertlere utgaşdyrylmagy üçin özgerdilmelidigini nygtady.

Siriýalylaryň başdan geçirýän kynçylyklarynyň çözülmegi üçin gyssagly we netijeli hyzmatdaşlygyň zerurdygyny aýtdy.

 

Koreýa Respublikasynda Ýun adatdan daşary ýagdaý dolanşygy we wezipeden çetleşdirilme boýunça gozgalan işiň çäginde düşündiriş bermäge çagyryldy

Koreýa Respublikasynyň güýç ulanyjy organlary Ýokary kazyýetiň wezipeden boşatma ýa-da gaýtadan wezipä bellemek hakyndaky kararyny kesgitlemek üçin Prezident Ýun bilen bagly kazyýet işinde birinji maslahaty geçirdi.

Kazyýet wezipeden çetleşdirilen Prezident Ýun Sok Ýoly gysga möhletli harby dolanşyk permany hakynda düşündiriş bermek üçin çagyrar.

Polisden, galplyga garşy göreş gullugyndan we Goranmak ministrliginden ybrat bolan bilelikdäki derňew topary Ýunuň netijesiz häkimiýet synanşygynyň pitne jenaýatyna degişli bolup, bolmandygyny hakyndaky derňew işini giňeltdi we çarşenbe güni sorag etmek üçin Ýunuň ofisine çagyryljakdygyny habar berdi.

 

Damaskda köpçülikleýin gubyr we neşe zawodlary tapyldy

Siriýanyň paýtagty Damaskyň Hüseýniýe etrabynda bir sany köpçlikleýin gubyr tapyldy.

Başar Asadyň häkimiýetden çetleşdirilmeginden soň Siriýada dowam edýän barlag we derňew işleriniň çäginde tapylan köpçülikleýin gubyr paýtagtyň günorta-gündogarynda, Damask howa menziliniň golaýynda ýerleşýär.

Şeýle hem Damaskdaky willanyň Başar Asadyň dogany Maher Asad bilen arabaglanşykly neşe önümçilik merkezidigi anyklandy.

8-nji dekabrda onlarça ýyllyk Baas dolanşygynyň darmagyndan bäri Siriýada ençeme neşe önümçilik merkezleri tapylýar.

 

Çido tupany kolonizirlenen fransuz arhipelagynda weýrançylyga sebäp boldy

Çido tupanynyň Hindi okeanyndaky fransuz arhipelagyndaky ýüzlerçe adamyň pida bolamagyna sebäp bolandygy habar berilýär.

Fransiýanyň İçeri işler ministrligi adam pidalarynyň sanynyň kesgitlenmeginiň kyndygyny we häzirki wagtda anyk san aýtmagyň mümkin bolmandygyny beýan etdi.

Çido tupany uzakly gije Maýotte adasynda dowam etdi.

Tizligi sagatda 200 kilomtrden gowrak tizlige ýetýän ýel, döwlet edaralarynyň binalaryna, ýaşaýyş jaýlaryna we hassahanalardan birine zeper ýetirdi.

 

Has köp diňlemek
Günüň möhüm habarlary|08.12.2025
Global howa syýasaty
Türk okuwçylarynyň buýsandyryjy üstünligi
Plastiki hapalanma çökgünligi
Türk dünýäsinde harplar
Hytaý näçe üçin ösüp barýan ýurt derjesinden el çekdi?
Aýda atom elektrik desgalary gurlarmy?
Näme üçin hakyky dostlara zerurlyk bar!
Türkiýäniň goranyş senagatyndaky harby güýji
Ýer titremeler