Erdogan we Blinken Siriýadaky syýasy geçiş tapgyry hem-de Gazadaky genosid hakynda pikir alyşdy
Türkiýäniň Prezidenti R.T.Erdogan ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Bilinken bilen geçiren duşuşygynda sebitleýin hyzmatdaşlyk we Siriýanyň territorial bitewiligi, jebisligi hem-de unitar gurluşynyň goralmagy ýaly umumy maksatlar hakynda pikir alyşdy.
Ankaradaky duşuşykda şeýle hem Gazada hüjümleriň gyssagly bes edilme zerurlygy we palestinalylara ynsanperwer kömeginiň artdyrylmagyny ýola goýjak ýesir çalşygy hakynda pikir alyşyldy. Erdogan Siriýanyň territorial bitewiligine sarpa goýýandygyny ýene-de bir gezek nygtady we PKK/PÝD/ÝPG we DEAŞ ýaly terror guramalaryna garşy göreşiň egilşiksiz dowam etjekdigini beýan etdi.
Ysraýylyň Gazanyň Nusaýrat bosgun düşelgesinde azyndan 30 palestinalyny gyrdy
Ysraýyl gabaw astyndaky Gazanyň Nusaýrat bosgun düşelgesinde öýlerden birine guran howa hüjüminde azyndan 30 palestinalyny öldürdi, 40 adam ýaralandy.
Palestinanyň resmi habarlar gullugy “WAFA-nyň” mälim etmegine görä, Ysraýylyň harby uçarlary düşelgede birnäçe öýe we bina hüjüm gurady.
Hüjümde pida bolanlaryň esasy böleginiň zenanlardan we çagalardan ybaratdygy habar berilýär.
Ysraýyl BMG-niň Gazadaky hassahanalardan birine ugradan kömek kerweninň geçmegine rugsat bermedi
Hassahananyň müdiriniň beýan etmegine görä, Ysraýylyň goşuny BMG-nyň Gazanyň günortasyndaky Kamal Adwan adyndaky keselhana ýangyç we lukmançylyk enjamyny alyp barýan ulag kerweniniň geçmegine rugsat bermedi.
Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy ulag kerweniniň geçmegine rugsat berilmändigi sebäpli Gazanyň günortasyna dolanmaly bolandygyny habar berdi.
Hassahana ýaralylaryň sanynyň artmagyna garamazdan lukmançylyk enjamlarynyň ýetmezçiligi sebäpli iň pes derejede iş alyp barýar.
Adam hukuklary guramasy: Asadyň ýolbaşçylygyndaky häkimiýetde 6 müňden gowrak ofiser harby jenaýat etdi
Siriýanyň Adam hukuklary torunyň Direktory Fadi Abdulgani Başar al-Asadyň ýolbaşçylyk eden dolanşygynda 6 müňden gowrak ofiseriň harby jenaýatlara goşulyşandygynyň anyklanandygyny beýan etdi.
Abdulgani beren interwýusynda Siriýanyň täze höklümetini jogapkärleri jenaýat işine çekmek üçin iş gozgamaga çagyrdy we adalat üpjün edilmän halatynda gurban bolanlaryň hossarlarynyň ar almak üçin herekete geçip biljekdigini duýdurdy.
Abdulgani Siriýada garaşsyz kazyýet ulgamynyň döredilmegi üçin hünärmen we maliýe kömek ýaly halkara goldawynyň möhümdigine ünsi çekdi.
Türkiýe uzak ýyllardan soň Damaska geňeşçi belledi
Türkiýe içerki uruş sebäpli ýapyk bolan ilçihanasyna wagtlaýyn geňeşçi belläp, Siriýa bilen diplomatik gatnaşyklar boýunça möhüm başlangyç etdi.
Türkiýäniň Mowritaniýadaky Ilçisi Burhan Körogly Damaska geňeşçi hökmünde bellendi.
2023-nji ýylyň dekabrynda Nuakşotda wezipesine girişen Körogly, täze wezipesinde Türkiýäniň Siriýadaky diplomatik işlerini alyp barar.
_1.jpg?width=1080&format=webp&quality=80)
