Ysraýylyň harby goşuny gabaw astyndaky Gazanyň demirgazygynda ýerleşýän Beýt Hanun şäherinde iki maşgalanyň bolýan öýüne düýn gije guran hüjüminde 25 palestinalyny öldürdi.
Şaýatlar, Ysraýylyň harby goşunynyň 25 agzaly Al Kahlut maşgalasynyň ýaşaýan öýüni bombalandygyny we öýüň harabalyga öwrülendigini habar berdi.
Hüjümde ýogalanlardan biriniň hossary, Ysraýylyň täze gyrgynçylyk edendigini we iki maşgalany dolulygyna ýok edendigini aýtdy.
Agyr şertlerde gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigi, hüjümde ýogalanlaryň jansyz bedenleriniň öýüň harabalygynyň aşagynda we köçede galandygyny nygtady.
Netanýahu: “Gazadaky söweşi dowam etdireris”diýdi.
Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahu, hüjümleriň bes edilmegi üçin edilýän tagallalara garamazdan, gabaw astyndaky Gazadaky söweşi dowam etdirjekdiklerini aýtdy.
İýerusalimiň günbatarynda metbugata beýannama beren Netanýahu “Eger häzir söweşi bes etsek Hamas yzyna dolanar we güýçlenip bize garşy ýene hüjüm eder. Inha biz şol hüjümleriň gaýtalanmagyny islemeýäris” diýdi.
BMG: Ysraýyl Golap depelerindäki araçäk zolakda 1974-nji ýylda baglaşylan şertnamalary basgylaýar.
BMG, Ysraýylyň Siriýanyň Golan depelerinde araçäk zolakdaky harby aksiýalary bilen Ysraýyl bilen Siriýanyň arasynda 1974-nji ýylda baglaşaylan Güýçleriň çekilmegi şertnamasyny basgylaýandygy barada duýduryş berdi.
BMG-nyň Parahatçylyk güýji, Ysraýylly ýolbaşçylaryň bu tutumyndan we araçak zolakda harby güýç ulanmakdan ýüz öwürmelidigini mälim etdi.
BMG-nyň metbugat sekretary mundan başgada, Ysraýylyň harby goşunynyň araçäk zolaga girendigini we sebitde azyndan üç nokatda barlygyny dowam etdirýändigini tassyklady.
BMG- Siriýadaky geçiş etabynda geçmişde jenaýat edenler jerimesini çekmeli.
BMG-nň Adam hukuklary boýunça ýokary Komisary, Başar Asadyň yzyna dolanmagyndan soň Siriýadaky geçiş etabynda Asadyň we häkimiýetiň başyndaky beýleki ýolbaşçylaryň geçmişde eden jenaýatlarynyň jerimesini çekmelidigini aýtdy.
Wolker Türk, Ženewada metbugata beren beýannamasynda, syýasy geçiş etabynda, adam hukuklaryny basgylanlaryň adalatyň öňünde jogap bermelidigini nygtady.
Gananyň ozalky Prezidenti Jon Mahama gaýtadan prezidentlige saýlandy.
Gananyň ozalky Prezidenti Jon Drahami Mahama gaýtadan prezidentlige saýlandy.
Ganaly saýlawçylar häkimiýetiň başyndaky partyýany ykdysady krizisi dogry dönükdirip bilmändigi sebäpli jezalandyrandygy üçin, Mahama taryhy ýeňiş bilen wezipesine gaýtadan saýlandy.
_1.jpg?width=1080&format=webp&quality=80)
