Prezident Rejep Taýýip Erdogan duşenbe güni Ankarada Türkiye Respublikasynyň esaslandyryjysy we ilkinji prezidenti Mustafa Kemal Atatürküň aradan çykmagynyň 87 ýylyny hatyralamak maksady bilen geçirlen milli dabara ýolbaşçylyk etdi.
Erdogan çärede çykyş edip, Atatürki hormat bilen hatyralady we Milli Azat edijilik söweşine ýolbaşçylyk eden we häzirki zaman türk döwletiniň binýadyny goýan Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň ilkinji agzalaryna minnetdarlyk bildirdi.
Erdogan şeýle hem Malazgirt söweşinden we Stambulyň basylyp alynmagyndan başlap, Çanakgala söweşine we 15-nji iýuldaky hyýanatçylykly döwlet agdarylyşygy synanşygyna çenli milletiň şehitlerini ýatlap, respublikanyň 102 ýyllyk taryhynda Türkiyäniň ösüşine goşant goşan her bir adama minnetdarlyk bildirdi.
Prezident Erdogan Atatürkiň meşhur sözlerini ýatladyp: "Bir gün meniň sada bedenim elbetde topraga öwrüler, ýöne Türkiye Respublikasy ebedi galar" diýip, bu sözleriň esaslandyryjynyň wagtyň geçmegi bilen güýçlenip, ösjek milletiň garaýşyny beýan edýändigini aýtdy.
Erdogan Atatürkiň mirasyna eýe çykmagyň respublikanyň üstünligini güýçlendirmek, öňe sürmek we ony her ugurda has güýçli we gülläp ösýän etmek diýmekdigini nygtady.
Prezident Erdogan şeýle hem Medeniýet we Syýahatçylyk ministrligi bilen Türk Iş Hyzmatdaşlygy we Koordinasiýa Agentliginiň (TIKA) utgaşdyryjylygynda Atatürkiň Saloniki şäherinde doglan öýünde 11 aýlyk abatlaýyş işleriniň tamamlanandygyny mälim etdi.
Erdogan taryhy öýüň 1953-nji ýyldaky görnüşine gaýtarylyp getirlendigini, gelýän adamlar üçin täzeden açylandygyny aýtdy we taslamanyň Atatürkiň mirasyny gorap saklamak üçin dowam edýän tagallalaryň bir bölegidigini beýan etdi.
Milli Azat edijilik söweşine ýolbaşçylyk eden we 1923-nji ýylda Türkiye respublikasyny esaslandyran Atatürk, 1938-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Stambuldaky Dolmabahçe köşgünde 57 ýaşynda aradan çykdy.
Her ýyl ýurt Atatürkiň aradan çykan wagty bolan sagat 09:05-de ony ýatlamak üçin bir minutlyk dymyşlyk edýär.
















