ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň liderleri bilen ilkinji duşuşygyny penşenbe güni Waşingtonda geçirer. Bu duşuşyk liderleriň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Hytaýyň prezidenti Si Szinpin bilen aýry-aýry sammitleri geçirenlerinden birnäçe aý soň bolýar.
Günbatar dünýäsi Kremliň Ukraina urşuny başlatmaghyndan bäri Moskwanyň däp bolan täsiri sorag astyna alynan we Hytaý esasy bäsdeş ýagdaýyna gelen tebigy serişdelere baý Merkezi Aziýa ýurtlaryna bolan gyzyklanmasyny artdyrdy.
Täsir üçin ýaryş
Ukrainadaky urşuň başlamagyndan bäri Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň liderleri “C5+1” formatynyň çäklerinde beýleki ýurtlar bilen gatnaşyklaryny artdyrdylar.
Waşington we Ýewropa Bileleşigi 1991-nji ýylda Sowet Soýuzyndan garaşsyzlygyny alan bu ýurtlar bilen diplomatik gatnaşyklaryny güýçlendirdiler.
ABŞ-Merkezi Aziýa sammitiniň ilkinjisi 2023-nji ýylda geçirildi.
Şu ýyl ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin we Hytaýyň lideri Si Szinpin Merkezi Aziýa liderleri bilen sammit geçirmek üçin sebitde saparda boldular.
Şol bir wagtyň özünde, sebitdäki köp çaknyşyklaryň bes edilmegi, Merkezi Aziýa ýurtlaryna diplomatiýada bütewi birleşik görkezmäge mümkinçilik berdi.
Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigistan bilen serhetdeş bolan Hytaý, özüni esasy söwda hyzmatdaşy hökmünde görkezdi we sebitdäki iri infrastruktura taslamalaryna maýa goýdy.
Öňki Sowet respublikalary Moskwany henizem strategik hyzmatdaş hasaplasalar-da, Russiýanyň goňşy Ukraina çozuş etmegi olary biynjalyk etdi.
Günbatar dünýäsi 2000-nji ýyllaryň başynda Owganystandaky operasiýalar mahalynda Merkezi Aziýadaky bazalaryny ulanan mahaly, sebit bilen käbir gatnaşyklary ýola goýdy.
Tebigy serişdelere baý sebit
ABŞ we Ýewropa Bileleşigi seýrek ýer elementleriniň üpjünçiligini diwersifikasiýalaşdyrmak we Pekine garaşlylygyny azaltmak üçin tebigy baýlyklary köp derejede peýdalanylmadyk bu sebite gyzyklanma bildirýärler.
Seýrek ýer elementleriniň gorlaryndan başga-da, Gazagystan dünýäde iň uly uran öndürijisidir. Özbegistan ägirt uly altyn gorlaryna, Türkmenistan bolsa köp sanly tebigy gaz ýataklaryna eýedir. Daglyk ýurtlar bolan Gyrgyzystan we Täjigistan hem täze mineral ýataklaryny gözläp başladylar.
Russiýa Sowet döwründäki infrastrukturasy arkaly uglewodorodlary üpjün edip we atom elektrik stansiýalaryny gurup, sebitiň energiýa pudagynda berk ornuny gorap saklaýar.
Merkezi Aziýa dünýäde iň hapalanan sebitleriň biri we howanyň üýtgemeginden iň köp zyýan çeken sebitleriň biridir we bäş ýurduň hemmesi suw ýetmezçiligine garşy göreşýär.
Kynçylykly logistika amallary
Emma bu ägirt uly gorlary özleşdirmek kyn we çetde ýerleşýän bu garyp döwletlerde çylşyrymly proses bolmagynda galýar.
ÝB-niň meýdany ýaly meýdany öz içine alýan, emma ilaty bary-ýogy 75 million töweregi bolan Merkezi Aziýa çöller we daglar bilen örtülen, deňize çykalgasy bolmadyk sebitdir. Ol demirgazykda Russiýa, gündogarda Hytaý we günortada Eýran we Owganystan ýaly Günbatar bilen dartgynly gatnaşyklary bolan ýurtlar bilen serhetdeşdir.
Şeýle-de bolsa, asyrlardan bäri Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän bu sebit taryhy söwda merkezi hökmündäki roluny dikeltmäge synanyşýar.
Merkezi Aziýa sebitindäki bu bäş döwlet Moskwa bolan garaşlylygyndan çykmak üçin dürli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýdular.
Pekin hem, Brýussel hem Hazar deňziniň ugrunda Ýewropadan başlap, Kawkaz arkaly Merkezi Aziýa ýetýän, Russiýany aýlanyp geçýän ulag ýolunyň ösdürilmegini goldaýarlar.
Resmi statistika görä, Orsýet-Ukraina urşundan öň, 2021-2024-nji ýyllar aralygynda bu ýol arkaly ýük daşamak 660 göterim artdy.












