Yragyň halky şu gün ýurdy 4 ýyl gönükdirjek parlamentiň täze agzalarynyň saýlanmagy üçin ses bermäge başlady.
Bellige alynan 21 million saýlawçy prezidenti saýlajak we hökümete ynam sesini berjek 329 kürsüli parlamentiň täze agzalaryny saýlamak üçin sese berýär.
Saýlaw ýerli wagt bilen sagat 18.00-a çenli dowam eder.
Saýlawyň netijeleriniň saýlawyň tamamlanmagyndan 24 sagat soň beýan edilmegine garaşylýar.
Garaşsyz Ýokary Saýlaw komissiýasy saýlawa bolan gatnaşygyň ýokary bolmagyna garaşylýandygyny mälim etdi.
Häzire çenli 1,313.859 saýlawçydan 82,52 göteriminiň ses berendigi bellenildi.
Synçylar saýlawyň netijesiniň Yrakdaky etniki we dini toparlarynyň arasyndaky güýç paýlanşygyny açyk aýdyň görkezmegine garaşylýandygyny nygtaýar.
Yrakda soňky parlament saýlawy 2021-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda geçirlipdi
Şol döwürde protest ýörişleri sebäpli ozalky Premýer-ministr Adil Abdul Mahdi wezipesinden çekilmeli boldy.
Yragyň Prem-ministrligine Mustafa al-Kazymy bellenipdi we saýlawlary şol gönükdiripdi.
2022-nji ýylyň 9-nwy ýanwarynda Yrakda 4 ýyllyk täze döwür başlaýar we şaýylaryň ýolbaşçylygynda gurlan hökümetiň iş möhledi 2026-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda gutarýar.
Yragyň kanunlaryna görä, parlament saýlawlary hökümetiň iş möhlediniň gutarmagyndan azyndan 45 gün öň geçirilmeli.











