DÜNÝÄ
1 minut okamak
Onlarça ýyl tussaglykda bolan Hannibal Kaddafi kepillik bilen boşadyldy
Hannibal Kaddafiniň aklawçysy Liwiýanyň raýaty bolan Kaddafiniň gizlin bir ýere gitmäge taýarlanýandygyny mälim etdi.
Onlarça ýyl tussaglykda bolan Hannibal Kaddafi kepillik bilen boşadyldy
Onlarça ýyl tussaglykda bolan Hannibal Kaddafi kepillik bilen boşadyldy / Reuters
11 Noýabr 2025

Aklawçy Liwanyň agdarlan lideri Muammer Kaddafiniň ogly Hannibal Kaddafiniň 10 ýyl tussaglykda bolandan soň kepillik bilen boşadylandygyny aýtdy.

Hannibal Kaddafiniň 900 müň dollarlyk kepilliginiň tölenmeginden birnäçe sagat soň boşadylandygy nygtaldy.

49 ýaşyndaky Hannibal Kaddafi, 1978-nji ýylda Liwanly şaýy din adamy Mussa Sadryň Liwinada dereksiz ýitmegi bilen arabaglanşykly maglumatlary gizlemekde günäkärlendi, emma häzire çenli jenaýat işi gozgalmady.

Sadr ýiten wagty Kaddafi 2 ýaşyndady.

Duşenbe güni ertiriň irki sagatlarynda beýannama beren aklawçy Baýon, “Kepillik şu gün irden tölendi, Hannibal Kaddafi 10 ýyl soň erkinligine eýe bolar” diýdi.

Kazyýet oktýabr aýynda Hannibal Kaddafiniň 11 million dollarlyk kepillik bilen boşadylmagyna karar beripdi.

Hannibal Kaddafiniň aklawçylarynyň närazyçylygy sebäpli şol mukdar geçen hepde 900 müň dollara düşürildi.

Liwanyň adalat organlary duşenbe güni ilki kepilligiň tölenendigini tassyklady we Kaddafiniň boşadylmagy üçin hukuky etabyň tamamlanandygyny habar berdi.

Resmi Beýrut Liwanly şaýy din adamy Mussa Sadryň Liwinada dereksiz ýitmeginden Liwiýanyň şol döwürdäki lideri Muammer Kaddafiniň jogapkärdigini aýan etdi.

Muammer Kaddafi bolsa birnäçe ýyl soň 2011-nji ýyldaky aýagagalyşlykda agdaryldy we öldürildi.

Liwanly model Aline Skaf bilen durmuş guran Hannibal Kaddafi Liwiýada aýagagalyşlygyň başlamagy sebäpli Siriýa gaçyp gidipdi we 2015-nji ýylyň dekabr aýynda Siriýada ýaragly adamlar tarapyndan Liwana getirlenden soň tussag edilipdi.

 

 

ÇEŞME:TRT Global