Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R.T.Erdogan 2025-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkiýäniň ilkinji tapgyrlaýyn öndürilýän söweş tanky “Altaýy” tanyşdyrdy.
Harby bilermenler tarapyndan ýurduň senagatyndaky tejribesini, goranmak pudagyndaky garaşsyzlygyny we global maksatlaryny görkezýän tehnologik öwrülşik nokady hökmünde kabul edilýän “Altaý”, türk goranmak senagatynyň ýeten sepgidini görkezýär.
Prezident Erdogan tankyn Türk ýaragly güýçlerine resmi taýdan gowşurlyş dabarasynda sözlän sözünde; “Altaý tanklarynda maksadymyz esasanda esasy enjamlarda hiç kime garaşly bolmazlyk. Ýa bir ýol taparys, ýa-da bir ýol açyp, netijede maksadymyza ýeteris” diýdi.
Erdogan türk goranmak senagatynyň ýokary depginde ösýändigine hem ünsi çekdi.
“Altaý” tanky türk azat edijilik söweşinde 1922-nji ýylda İzmire baran atly goşunyň gahryman serkerdesi Fahrettin Altaýyň adyny göterýär.
Tank Türk ýaragly güýçlerine Osman imperiýasynyň dargamagyndan soň döwrebap Türkiýäniň esaslandyrylmagynyň simwoly bolan Respublika baýramçylygyndan bir öň gowşuryldy.
Goranmak senagaty boýunça bilermen we halkara hukuk hem-de howpsuzlyk professory Mesut Hakky Jaşyn “Altaý” tankyny “Türkiýäniň taryhyndaky ynkylap” hökmünde häsýetlendirýär.
TRT Worlde beýanat beren Jaşyn: “Bu tank Respublikanyň döredilmeginden bäri Türkiýäniň iň esasy mehaniki döredijiligidir. Türk goşunynyň polat aty,30-njy awgust Ýeňiş baýramyndaky ýaly gelejekki ýeňişleriň ýolgörkezijisi bolar” diýdi.
Strategik güýjüň simwoly
“Altaý” tanky “BMJ-niň” ýolbaşçylyk etmeginde “ASELSAN”, “HAWELSAN” we Maşyn gurluşyk we Himiýa senagaty guramasy tarapyndan bilelikde öndürildi. Tankyň önümçilik desgalary duşmanyň potensial howa hüjümlerine garşy howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen Ankaradaky Awiasiýa Merkezine göçürildi.
Professor Jaşyn: “Amerikanyň M60 we M1 Abrams tanklarynyň öndürilmegi üçin tas 20 ýyl gerek bolan bolsa, Türkiýe bu prototipi 10 ýyldan gowrak wagtda öndürdi we synagdan geçirdi. İndi elimizde ähli halkara ülňülere laýyk gelýän döwrebap tankymyz bar” diýdi.
Önümçilik tertibi hem kadaly. Çaşyn: “Üç ýylyň dowamynda Türk ýaragly güýçlkerine 80 tankt gowşurylar we bäş ýylyň dowamynda şol san 250-ä ýeter” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Türkiýäniň tank floty onlarça ýyllap Amerikanyň M48/M60 we Germaniýanyň “Leopard” kysymly tanklaryndan ybaratdy. Emma olar wagtyň geçmegi üçin köneldi.
“Altaý” diňe bir modeli ýokarlandyrmak däl, şol bir wagtda tehnologik garaşsyzlyga tarap ädilen ygrarly ädimdir.
Jaşyn: “HEreketlendiriji meselesi möhümdi. İlki käbir bölümlerde koreý hereketlendirijileri ulanylar. Emma “BMJ” 1000 we 1500 at güýjüne eý ebolan hereketlendijileriň tamamlanmagyndan soň, gelejekki önümçilik dolulygyna türk güýç ulgamyna geçer. Ol, beýleki esasy harby güýçleriň tejribesine doly gabat gelýär” diýdi.
Türkiuýe hereketlendiriji bilen bilelikde öz transmissiýa, optika, atyş-gözegçilik ulgamlary we şifrli aragatnaşyk ulgamlaryny hem öndürýär. Jaşyn “ASELSAN” tarapyndan dizaýn edilen kriptografik täzelikleriň “duşman elektronik söweş ulgamlarynyň aragatnaşygy bökdemeginiň ýa-da kesmeginiň öňüni alýar” diýdi.
Tankt atom, biologik we himiki şertlere çydamly we kompozit sowudy döwrebap anti tank raketalaryna hem-de dronlara garşy ýokary goragy üpjün edýär.
Tankyn tanyşdyrylmagy şol bir wagtda-da simwoliki ähmiýete eýe.
1974-nji ýyldaky Kipr Parahatçylyk Operasiýasyndan soň ABŞ-nyň goýan ýarag embargosy Türkiýäniň M48 tanklaryndan peýdalanmagyny çäklendiripdi. Jaşyn: “Türkiýe şu günki günde goranmak senagatyny embargolara çydamly derejä ýetirdi. İne, hakyky ýeňiş şudyr” diýdi.
Jaşyn: “Tank söweş meýdanynda ýüzöwrülmesiz ýarag. Türkiýäniň pyýada goşunlarynyň oňurgasyny emele getirýän “Altaý”, mehanizmleşdirilen goşunlarymyzy hasam kuwwatlandyrar” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Tank bazarynda global güýç
Professor İsmail Hakky Jaşyn halkara goranyş eksporty hakynda-da durup geçdi.
Ol “Altaýyň” “Türkiýäni sebitleýin harby güýç bolmakdan global goranyş eksportçysyna öwürjekdigini” öňe sürýär.
Jaşyn: “HÜRŽET” we Türkiýäniň uçarmansyz howa enjamlarynyn halkara derejesinde ünsleri özünde jemleýşi ýaly, alyjylar golaýda “Altaý” üçin hem nobata durar. Türkiýe Ýakyn Gündogar, Afrika we Aziýa-Ýuwaş Umman ýaly esasy üç bazarda orun tutar. Wiýetnam ýaly ýurtlar bolsa gyzyklanmaga başladylar” diýdi.
Professor Jaşyn: “Türkiýe doly önümçilige başlandan soň goranmak senagatynyň sanawynda 10-njy orundan 5-nji orna göteriler. Dünýä derejesinde müňlerçe tank satyp biler we ol, Türkiýäni 10 ýylyň dowamynda dünýäniň ýarag öndürýän esasy ýurtlarynyň hataryna goşar” diýdi.
Türk goşuny “Altaý” bilen şäher söweşi, amfibiýa operasiýalary we gury ýer-deňiz-howa bilelikdäki operasiýalar üçin doly üpjün bolar. Esasanda Egeý goşunlarynyň serkerdeliginiň ukyby artar.
Tankyn priskop ulgamy ulagyň suwda geçmegine şert döredip, goşuna sebitde deňsiz özbolyşly aýratynlyk goşar.
Harby bilermen Hakky Jaşyn üçin “Altaý” hem buýsanjy hem-de ygrarlylygy aňladýar.
Jaşyn: “Türkiýe uly üstünlik gazandy. “ATAK” dik uçaryny we “KAAN” harby uçaryny nähili öndüren bolsak, özygtyýarlylygymyzy gorajak we gelejek nesillerde ylham döretjek milli tankt öndürdik. Ol diňe bir ýarag däl, şol bir wagtda-da bir konsepsiýa. Çalt, güýçli, özbaşdak we polat at” diýdi.
Jaşyn bu öwrülşigiň arkasynda durýan güýjüň Prezident Erdoganyň ýerli goranmak pudagyny ösdürme strategiýasydygyny beýan etdi. Professor Jaşyn: “Prezidentiň ýerli we özbaşdak ulgamlara strategik taýdan berýän goldawy, Türkiýäniň üstünliginiň hereketlendirijisi boldy” diýdi.
















