ABŞ Eýrana degişli 5 nebit tankerini nyşana aldy, Eýran bolsa Iordaniýa hüjüm gurady
Dünýä
ABŞ Eýrana degişli 5 nebit tankerini nyşana aldy, Eýran bolsa Iordaniýa hüjüm gurady
ABŞ Eýrana degişli 5 nebit tankerini nyşana aldy, Eýran bolsa Iordaniýa hüjüm gurady

ABŞ sişenbe güni Eýranyň özüniň harby gämilerine ýakyn wagtda guralan hüjümlere jogap bermek maksady bilen Eýranyň bäş nebit tankerini nyşana alandygyny aýan etdi. Tähran Iordaniýadaky Amerikan bazasyna birnäçe ballistik raketa bilen hüjüm gurap jogap berdi.

Iordaniýanyň döwlet habarlar agentligi çarşenbe güni Iordaniýanyň Ýaragly Güýçlerine salgylanyp, ýurduň howa goranyş ulgamlarynyň Eýranyň territoriýasyndan uçurylan 20 ballistik raketanyň 18-sini täsirsiz ýagdaýa getirendigini habar berdi. Howada täsirsiz ýagdaýa getirlen raketalaryň käbiri Siriýanyň Damask şäherinden göründi. 

Eýranyň döwlet habarlar agentligi IRNA çarşenbe güni Eýranyň Kuweýtiň we Bahreýniň suw giňişliginde nebit tankerlerini nyşana alyp, jogap hüjümlerini dowam etdirjekdigini we ekipaža gämilerinden uzaklaşmaga çagyrýandygyny habar berdi. Eýran iki ýurdy hem ABŞ güýçlerine ýer eýeçilik etmekde we hüjümlere kömek bermekde aýyplady.

Başga wideolar
Hakerler Fransiýadaky supermarketleriň doňduryjy enjamlaryny peje öwürdiler
Ysraýylly bir adam Palestini goldaýan protestçileri we NÝ-yň polisini gödek sözler bilen kemsitdi
Ysraýyl Ramallahdaky Palestin guramalarynyň ofislerinde reýd geçirdiler
Ysraýylly gelmişekler basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada palestinalylaryň mallaryny zäherledi
Basyp alyjy Ysraýyl güýçlerini yza çekilmäge mejbur eden batyrgaýlyk...
Täze Deli Ormuz bogazynyň golaýynda tanker gämisine hüjüm guralandygyny habar berdi
Uly ýangyn Parižiň iň köne ýapyk azyk bazaryny ýok etdi
Güýçli ýagyşdan soň Iguasu şaglawugynyň haýran galdyryjy gözelligi
Husileriň Saud Arabystanyndaky howa menziline guran hüjüminde 20 adam ýogaldy
Power Banklar (göçme akkumulýatorlar) uçarlarda haýsy howp döredýär?