Eýran ABŞ-nyň alty ýurtda ýerleşýän harby bazalaryny nyşana aldy
Dünýä
Eýran ABŞ-nyň alty ýurtda ýerleşýän harby bazalaryny nyşana aldy
ABŞ bolsa Eýrana guraýan hüjümlerini üç gijeden bäri dowam etdirýär.

Prezident Trampyň ABŞ-nyň, Eýranyň strategik taýdan möhüm ähmiýetli bogazdaky portlaryna gabawy dikeldendigini we 20 göterimlik üstaşyr tölegini girizýändigini yglan etmeginden soň, ABŞ-nyň harby güýçleri duşenbe güni Eýrana garşy yzly-yzyna üçünji gije hüjüm gurady.

 BAE-niň Goranmak ministrligi gysga wagt soň Omanyň suw giňişligindäki bogazyň günorta böleginden geçýän BAE-niň Mombasa we Al Bahiýa atly iki nebit tankerine Eýranyň kruiz raketalarynyň atylandygyny, hüjümde ekipaždan biriniň ölendigini we sekiz adamyň ýaralanandygyny beýan etdi.

  Eýranyň Ynkylap Goragçylary ýekşenbe güni ABŞ-nyň Bahreýndäki we Kuweýtdäki harby desgalaryna hüjüm edendigini, Omanyň radar ulgamlaryny ýok edendigini, Iordaniýadaky Şazada Hassan howa bazasyndaky ok-däri ammarlaryna hüjüm gurandygyny we Katardaky dolandyryş desgasyny ýok edendigini habar berdi.

BAE ýekşenbe güni howa goranyş ulgamlarynyň Eýranyň raketalaryny we dronlaryny yza serpikdirendigini beýan etdi.


Başga wideolar
Mekge Goranmak Ylalaşygyny tanyşdyrmak üçin Stambuldaky meşhur ýadygärlikler ýagtylandyryldy
Ýunus tupany Hytaýda täsirli bolmaga başlady
Gazadaky çagalaryň ýagdaýy...
Netanýahu: "Hamas ýaraglaryny taşlamasa, Ysraýylyň harby güýçleri yza çekilmez" diýdi
Ysraýlyň harby güýçleri Liwandaky obalaryň birinde öýleri ýumurdy
Ene pil balasy kabele çolaşanyndan soň, zarýad beriş gutusyny agdardy
Kosowaly deputat parlamentde Premýer-ministre ýumurtga zyňdy
Nagasaki ABŞ-nyň atom bombasy bilen guran hüjüminiň 81 ýyllygyny hatyralap geçýär
TÜRKIYEDÄKI HOWA MENZILLERIŇ BIRINDE BIR ÇAGA GEÝMLIH HEREKETI BILEN HALAS EDILDI
Ýaponiýada operasiýa otagyndaky kamera ýazgylary ýer titremäniň elhençligini görkezýär