AKTIWIST TÄZE ZELANDIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRINI YSRAÝYLYŇ GENOSIDINI GOLDAMAK BILEN AÝYPLADY
Dünýä
AKTIWIST TÄZE ZELANDIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRINI YSRAÝYLYŇ GENOSIDINI GOLDAMAK BILEN AÝYPLADY
PALESTINANYŇ TARAPDARY BOLAN AKTIWIST TÄZE ZELANDIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRINI YSRAÝYLYŇ GENOSIDINI GOLDAMAK BILEN AÝYPLADY

“Siz Gazadaky genosidi goldaýarsyňyz. Aslynda Ysraýyla garşy sanksiýalary girizmelidiňiz”.

Palestinany goldaýan aktiwist 19-njy awgustda Kraýstçerçde Milli partiýa tarapyndan guralan jemgyýetçilik duşuşygynda Täze Zelandiýanyň Konserwatiw Premýer-ministri Kristofer Luksonyň çykyşyny böldi. Wideo düşüren aktiwist William Aleksandr TRT World-e beren beýanatynda:“Biziň ýetirmek isleýän habarymyz, Täze Zelandiýanyň hökümetiniň Ysraýylyň Gazadaky genosidine şäriklik edýänligidir” diýip aýtdy. Aleksandr: “Olar Täze Zelandiýanyň çäklerinden genosidi amala aşyrmak üçin Ysraýylyň goşuny tarapyndan ulanylan içaly hemralarynyň uçurylmagyna rugsat berdiler. Bu PSNA (Palestinanyň raýdaşlyk ulgamy Aotearoa) agzalary ýakynda olary kazyýete berdi” diýip nygtady.

Başga wideolar
BOLIWIÝADA HARBY MERKEZDE GÜÝÇLI PARTLAMA BOLDY
Ukrainada Milli howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň arasynda çaknyşyk boldy
Antalýada 40 müň sany deňiz pyşbagasy Caretta carreta deňize gowuşdy
Gresiýa näme sebäpden Ysraýylda öndürilýän ýaraglara milliardlarça dollar sarp edýär?
Nepalyň harby goşuny derýanyň üstünden wagtlaýyn teleferik gurdy
Göçme kino-teatr arkaly Gazada öýlerini terk eden çagalara multfilmler görkezilýär
ABŞ-DA UÇAR HOWADA POLISIÝANYŇ DIKUÇARY BILEN KAKYŞDY
ABŞ-nyň polisiýasy tussag eden mahaly garaýagyz bir adamy saçyndan çekip, ony yumruklary bilen urdy
HINDISTANYŇ RESMILERI ÝOL GIŇELTMEK IŞLERINI SEBÄP GÖRKEZIP METJIDI ÝUMURDYLAR
ABŞ-Wenesuela nebit ylalaşygy barada nämeler mälim?