11-nji dekabr günüň möhüm habarlary
00:00
00:0000:00
Dünýä
11-nji dekabr günüň möhüm habarlary
TRT Türkmençeden salam, günüň möhüm habarlary bilen tanyş edýäris
12 Dekabr 2024

Ysraýylyň Nuseýrat bosgun düşelgesine guran howa hüjüminde 7 palestinaly ýogaldy.

Gabaw astyndaky Gazadaky saglygy goraýyş işgärleri, Ysraýylyň Nuseýrat bosgun düşelgesinde 1 öýe guran howa hüjüminde azyndan 7 palestinalynyň ýogalandygyny we köp sanly adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Ysraýyl şu gün BMG-nyň Baş Assambleýasynda sese goýuljak Gazada hüjümleriň gyssagly bes edilmegini talap edýän karar taslamasynyň öňüsyrasynda bosgun düşelgesine hüjüm gurady.

Karar taslamasynda, hüjümleriň gyssagly we şertsiz bes edilmegi üçin çagyryş berilýär we zamun alynanlaryň şertsiz boşadylmagy talap edilýär.

 

2024-nji ýylda ýarysyndan gowragy Gazada bolmak bilen jemi 104 žurnalist öldürildi.

Halkara žurnalistler federassiýasy, şu ýyl žurnalistler üçin diýseň agyr ýylyň başdan geçirlendigini, dünýäniň çar tarapynda ýarysyndan gowragy Gazada bolmak bilen 104 žurnalistiň öldürlendigini mälim etdi.

Žurnalistler guramasynyň habarnamasyna görä, Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerinde 2024-nji ýylda palestinaly 55 žurnalist ýogaldy.

2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda başlan söweşden bäri öldürlen palestinaly žurnalistleriň sany bolsa 138-e ýetdi.

 

Russiýanyň Ukrainanyň Zaparožiýe şäherinde guran hüjüminde 3 adam ýogaldy, bir klinika hem ýykyldy.

Russiýanyň Ukrainanyň günorta gündogarynda ýerleşýän Zaparožiýe şäherine guran raketa hüjüminde 3 adam ýogaldy, 16 adam ýaralandy, bir klinika hem ýykyldy.

Şäher häkimi İwan Federow harabalygyň aşagynda galan 8 adamyň halas edilmegi üçin gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini aýtdy.

 

Siriýanyň agdarlan hökümeti 70-den gowrak gynama usulyny ulandy.

Siriýada agdarlan Baas hökümeti döwründe, Seýdnaýa tussaghanasynda we onarlça merkezde müňlerçe adama zulum edildi.

Siriýanyň Adam hukuklary guramasynyň berýän habaryna görä, hökümete tabynlykdaky güýçler içerki söweşiň başlan gününden bäri azyndan 1,2 million siriýalyny tussag edip olary dürli görnüşde gynady.

Siriýanyň Adam hukuklary guramasynyň habarnamasyna görä, Baas hökümeti fiziki, psihiki we jynsy gynama bilen birlikde tussaglylara garşy 72 görnüşli gynama ulandy.

Baas hökümet, tussaglylary zor bilen işletdi we adam hukuklaryny basgylady.

We soňky habarymyz

Eýginiň maşgalasy Blinken bilen duşuşyp, gyzlarynyň ýogalmagy wakasynyň derňelmegi üçin ABŞ-niň öňbaşçylyk etmeginde derňew işiniň gozgalmagyny talap eder.

Basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriýada Ysraýyl tarapyndan öldürlen Türkiýäniň we Amerikanyň raýaty Aýşenur Ezgi Eýginiň maşgalasy Blinken bilen duşuşyp, gyzlarynyň ýogalmagy wakasynyň derňelmegi üçin ABŞ-niň öňbaşçylyk etmeginde derňew işiniň gozgalmagyny talap eder.

Eýginiň aýal dogany Özden Benett beren beýannamasynda, soňky 3 aýdan bäri Blinkeniň we Döwlet sekretarlygynyň ýolbaşçylarynyň özlerine Aýşenura garşy jenaýat eden goşunyn hakynda Ysraýylyň hökümetiniň derňew işini geçirmegine garaşmalydyklaryna ünsi çekendiklerini aýtdy.

Has köp diňlemek
Günüň möhüm habarlary|12.12.2025
Çilim daşky gurşawa howp salýar
Gyşa görülýän taýarlyklar
Global howa syýasaty
Türk okuwçylarynyň buýsandyryjy üstünligi
Plastiki hapalanma çökgünligi
Türk dünýäsinde harplar
Hytaý näçe üçin ösüp barýan ýurt derjesinden el çekdi?
Aýda atom elektrik desgalary gurlarmy?
Näme üçin hakyky dostlara zerurlyk bar!