SYÝASAT
1 minut okamak
Türkiye, Müsür, Katar we ABŞ Gaza ýaraşyk şertnamasyna gol çekdiler
ABŞ-nyň prezidenti Tramp, Ysraýyl-Hamas ýesir alyş-çalşygyndan soň sebit liderleri bilen bilelikde Gazanyň ýaraşyk baradaky jarnamasyna gol çekilmegini "Ýakyn Gündogar üçin ajaýyp gün" diýip häsiýetlendirdi.
Türkiye, Müsür, Katar we ABŞ Gaza ýaraşyk şertnamasyna gol çekdiler
Turkiye, Egipat, Katar i SAD potpisali dokument o prekidu vatre u Gazi. / Reuters

Müsür, Katar we Türkiye ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde Gazanyň ýaraşyk şertnamasy baradaky resminama gol çekdi.

Bu resminama duşenbe güni Müsüriň Gyzyl deňziniň kenaryndaky Şarm al-Şeýhde geçirilen halkara sammitinde gol çekildi.

Tramp, Ysraýyl bilen Hamasyň ýesir alyş-çalşygyndan birnäçe sagat soň Gazadaky ýaraşyk şertnamasyny berkitmäge gönükdirilen beýannama gol çekilmegini "Ýakyn Gündogar üçin ajaýyp gün" diýip häsýetlendirdi.

Prezident Tramp sammite ýygnanan 20-den gowrak dünýä liderine ýüzlenip: "Bu, dünýä üçin ajaýyp gün, Ýakyn Gündogar üçin ajaýyp gün" diýdi.

Tramp resminama gol çekmeden ozal: “Bu resminama düzgünleri, şertleri we ençeme başga zady kesgitlär” diýdi we iki gezek “Bu resminama güýjüni gorar” diýip gaýtalady.

Gazany ýaňadandan dikeltmek konferensiýasy

Müsüriň prezidenti Abdülfettah al-Sisi öz ýurdunyň Gazanyň durkuny täzelemek boýunça konferensiýa geçirjekdigini belläp: "Müsür ýakyn günlerde Gazanyň ýaňdandan dikeldilmeginiň düýbüni tutar we hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlykda ABŞ bilen işleşer we irki dikeldiş, rekonstruksiýa we ösüş konferensiýasyny geçirmegi meýilleşdirýäris" diýdi.

Şeýle hem Sisi, Gaza şertnamasynyň "adamzat taryhynda agyr bir bölümi ýapýandygyny we Ýakyn Gündogar üçin parahatçylygyň we durnuklylygyň täze eýýamyny döredýändigini" aýtdy.

Sisi şeyle hem bu şertnamanyň iki döwletli çözgüt üçin esas döreden "taryhy gün" bolandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Öwren
Prezident Erdogan Wladimir Putin bilen duşuşdy
“Türkiýe dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin tagalla edýär"
Ministrler Fidan bilen Güler, Pakistanyň Daşary işler ministri Dar bilen Bişkege gidýär
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Liderler sammiti Bişkekde öz işine başlady
Prezident Erdogan Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew bilen duşuşdy
Prezident Erdogan Bişkege bardy
Tramp “Men ABŞ-nyň Prezidenti bolmadyk bolsadym Ysraýyl ýok bolardy”
Eýran Ormuz bogazynda ABŞ-na degişli MQ-9 kysymly drony urup düşürendigini habar berdi
Ukraina Samara sebitindäki senagat desgasyna we Ozon onlaýn söwda ammaryna hüjüm gurady
Eýranyň Baş ştabynyň başlygy: “Duşmanyň täze howplaryna degişli gaýtawuly görkezeris”
BMG-nyň Baş sekretary Russiýanyň Ukraina guran hüjümlerini berk ýazgardy
Daşary işler ministri Hakan Fidan kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Ysraýyl 2 ýyl soň ahyry 5 ýaşyndaky Hind Ražaby öldürendigini boýun aldy
Prezident Erdogan Ýaponiýanyň Premýer-ministri Takaiçi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
“ABŞ-nyň Eýrana guraýan hüjümlerine goldaw bermäň”
Eýran: “Ysraýyl ABŞ bilen gazanylan ylalaşygyň durmuşa geçirilmegini bökdeýär”
Ýaponiýa: “ABŞ bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk diýseň möhüm”
Prezident Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Tramp, ABŞ-Eýran gepleşiklerini bökdän halatynda Omany bombalamak bilen hemle atdy
Tramp: “Esasy maksadymyz Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagynyň öňüni almak”