Global Taýmes, Hytaýyň harby goşunyna esaslanýan habarynda, Hytaýyň ýekşenbe güni Ž-35 we Ž-35A harby uçarlaryny ilkinji gezek tanyşdyrandygyny mälim etdi.
Çaýna Military Bugle tarapyndan taýarlanan habarda ýer alan wideo-ýazgylarda, Ž-35 we Ž-35A harby uçarlarynynyň döwlet tarapyndan goldanýan AWİJ awiasiýa senagatynyň Shenýang uçar firmasy tarapyndan öndürlendigi nygtaldy.
Ž-35 Hytaýyň ilkinji ýerli uçar gämisinde iş alyp barçak harby uçary hökmünde bilinýär we ýaňy ýakynda ýurduň uçar gämisi Gužianda uçuş we gonuş talimini tamamlady.
Wideo-ýazgylarda Ž-35-iň gury ýerde iş alyp barçak Ž-35A görnüşi hem tanyşdyryldy.
Habarda Ž-35A uçarynyň birleşdirlen aerodinamiki-gizlin gurluşygynyň bardygy bellenildi.
Gizlin we gizlinge garşy harby operasiýalarynyň esasy bölegi hökmünde öndürlen Ž-35A uçary, esasan howa üstünligini üpjün etmek üçin niýetlenen.
Ž-35A uçary howa giňişligine gözegçilik eder, duşmanyň uçarlaryna garşy söweşer, gury ýer we deňiz howa goranyş ulgamlaryny nyşana alar şeýle hem raketalaryň we beýleki we howa howplarynyň öňüni alar.











