Terror guramasy ÝPG, Siriýanyň Halap şäherindäki harby merkezlere dron hüjümini gurady

Siriýanyň harby goşuny ÝPG-niň 25-den gowrak partlaýjy dron ulanyp Aýn al Arap etrabyndaky harby merkezleri nyşana alandygyny habar berdi.

By
Terror guramasy ÝPG, Siriýanyň Halap şäherindäki harby merkezlere dron hüjümini gurady / AA Archive

Siriýanyň SANA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Siriýanyň harby goşuny terror guramasy ÝPG-nyň Halap welaýatyndaky harby merkezlere 25-den gowrak dron hüjümini gurandygyny we gazanylan ylalaşygy bozandygyny mälim etdi.

Harby goşun tarapyndan berlen beýannamada, ÝPG güýçleriniň Aýn al Arab sebitinde Siriýanyň harby goşunyna degişli merkezlere 25-den gowrak FPW kysymly partlaýjy dron bilen hüjüm gurandygy nygtaldy. Hüjümler sebäpli 4 harby ulaga uly zeper ýetirlendigi bellenildi.

Beýannamada ÝPG-niň mundan başgada M4 garaýoly bilen golaýdaky obalary nyşana alandygy nygtaldy. Hüjümler sebäpli asuda ilatdan köp sanly adamyň ýaralanandygy ýatladyldy.

Hüjümleriň Siriýanyň hökümetiniň şenbe güni ÝPG bilen gazanylan ylalaşygyň möhledini 15 gün uzatmakdan bir gün soň guralmagy ünsleri özüne çekdi.