DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ysraýylyň Liwana guran soňky hüjümlerinde 3 adam ýogaldy
Ysraýylyň Liwana guran soňky hüjümlerinde saglygy goraýyş işgärleri, zenanlar we çagalar bilen birlikde 3 adam ýogaldy, 23 adam ýaralandy.
Ysraýylyň Liwana guran soňky hüjümlerinde 3 adam ýogaldy
Ysraýylyň Liwana guran soňky hüjümlerinde 3 adam ýogaldy / AFP

Liwanyň Saglygy goraýyş ministrligi, Ysraýylyň Liwanyň günortasyna we gündogaryna guran hüjümlerinde azyndan 3 adamyň ýogalandygyny, 23 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň anna güni ýary gije ýurduň günortasyndaky Sur we Nebatiýa etraplarynda 5 ýere we gündogarda bolsa Bekaa jülgesine hüjüm gurandygy nygtaldy.

Beýannamada ýaralananlaryň arasynda zenanlar we çagalar bilen birlikde saglygy goraýyş işgärleriniň hem bardygy bellenildi.

Ysraýylyň harby goşuny bolsa Hizbullahyň ysraýylly esgerlere garşy dron hüjümini guramagyndan soň Liwanyň günortasyny nyşana alandygyny mälim etdi.

Hizbullah bolsa öňe sürülýän garaýyşlar hakynda hiç hili beýannama bermedi.

Liwanly resmiler iýun aýyndan bäri Ysraýyl bilen ABŞ-nyň töwellaçylyk etmeginden gazanylan ylalaşyga agramazdan Tel-Awiwiň ylalaşygy 5 müň gezek bozandygyny aýan etdi.

2-nji martdan bäri Ysraýylyň guraýan hüjümleri sebäpli Liwanda 4300 adam ýogaldy.

 

 

Öwren
Paşinýan: Azerbaýjan bilen parahatçylyk Ermenistanyň dowamlylygynyň esasyny emele getirer
Pakistanda ýolagçy otlusynyň relsden çykmagy netijesinde bäş adam ýogaldy
ABŞ-nyň prezidenti Tramp Hytaýyň we Russiýanyň Eýrana kömek edýändigine ynanmaýandygyny aýtdy
Yrakda terror guramasy DEAŞ-a degişli pozisiýa hatardan çykaryldy
Saud Arabystanynda Şa Halid howa menziline guralan hüjümde 1 adam ýogaldy
Türkiýe, Müsür, Pakistan we Saud Arabystany bilelikdäki beýanatda Husileriň hüjümlerini ýazgardylar
Zelenskiý Russiýanyň ylalaşygy kabul eden halatynda, Ukrainada saýlawlaryň geçiriljekdigini aýtdy
Riýad howa menzilinde guralan hüjümde 12 adam ýogaldy, 309 adam ýaralandy
ABŞ-da guralan ýaragly hüjümde dokuz adam ýogaldy
Kreml: Putin Eýranyň çaknyşygy çözmek bilen bagly beren teklibini Trampa ýetirdi
Russiýa Odessa portuna harby ýükleri alyp barýan ýük gämisine hüjüm gurandygyny habar berdi
Panamada ýer titremesinden soň uly betbagtçylyk yglan edildi
Nobeliň Parahatçylyk baýragy halkara hukugy boýunca işleri üçin Nawi Pillaýa berildi
Ukraina BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň gyssagly maslahatyny çagyrdy
Meksikada tussaghanada bolan gozgalaňda 10 adam öldi, 16 adam ýaralandy
ABŞ-nyň Eýran urşunda 81 harby uçary ýitdi ýa-da düýpli zeper ýetdi
BMG: El Nino Ýuwaş ummanyndaky ýylylygy rekord derejelere ýetirip biler
Fransiýada protestler dowam edýär
Trampyň aralyk saýlawyndan öň Eýrana garşy harby operasiýa geçirmegi meýilleşdirýändigi öňe sürüldi
Husiler Saud Arabystanynyň howa menzillerine we harby bazalaryna hüjüm gurandyklaryny habar berýär