DÜNÝÄ
1 minut okamak
Indoneziýada ýykylan mekdepde ýogalanlaryň sany 54 adama ýetdi
Ýawa Adasynda ýykylan mekdebiň harabalygynda gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.
Indoneziýada ýykylan mekdepde ýogalanlaryň sany 54 adama ýetdi
Indoneziýada ýykylan mekdepde ýogalanlaryň sany 54 adama ýetdi / AA
6 Oktýabr 2025

Indoneziýanyň Ýawa adasynda dini internadyň ýykylmagy sebäpli ýogalanlaryň sany 54 adama ýetdi.

Ýolbaşçylar harabalygyň aşagynda galanlaryň halas edilmegi üçin gözleg işleriniň dowam edýändigini mälim etdi.

Gözleg we halas ediş gullugynyň başlygy Ýudhi Bramantýo, ýekşenbe güni beren beýannamasynda “Häzire çenli 54 adamyň jesedini çykardyk” diýdi.

Bramantýo “Şu gün gözleg we halas ediş işlerini tamamlamagy we jesetleri hossarlaryna tabşyrmagy umyd edýäris” diýdi.

Köp gatly binanyň bir bölegi n geçen hepde duşenbe güni okuwçylar günorta namazyny okaýarka ýykylypdy.

Bu waka şu ýyl Indoneziýada başdan geçirlen iň köp adam pidaly betbagtçylyk hökmünde bellige alyndy.

Derňew dowam edýär

Milli apat gullugynyň başlygynyň orunbasary Budi Irawan ýiten 13 adamyň tapylmagy üçin gözleg we halas ediş işleriniň güýçli depginde dowam edýändigini aýtdy.

Ýolbaşçylar binanyň näme sebäpli ýykylandygyny derňeýär.

Hünärmenler binanyň gurluşygynda ulanylan enjamlaryň hiliniň pesdigini nygtaýar.

Indoneziýada gurluşyk enjamlarynyň hiliniň pesdigi we düzgünleriň ýeterlik berjaý edilmeýändigi sebäpli şuňa menzeş wakalar başdan geçirilýär.

Ýykylan dini mekdebiň harabalygynyň aşagynda galanlaryň ene-atalary penşenbe güni gözleg we halas ediş işlerinde agyr maşynlaryň ulanylmagyna rugsat beripdi.