Nigeriýaly resmiler: Zamun alnan okuwçylar azat edildi
Nigeriýadaky adam ogurlamak wakalary Trampyň "hristianlaryň öldürilýändigi" baradaky beýanaty we resmi Abuja tarapyndan berk ret edilen harby goşulyşmak baradaky duýduryşynyň arasynda boldy.
Geçen aý Nigeriýada ýaragly toparlar tarapyndan mekdepden alnyp gaçylan 130 töweregi okuwçynyň we işgäriň azat edilendigi aýan edildi.
21-nji noýabrda ýurduň demirgazyk-merkezindäki Niger welaýatyndaky mekdepleriň birine guralan hüjümde azyndan 303 okuwçy we 12 mugallym zamun alynypdy. Wakadan soňky ilkinji sagatlarda 50 adam gaçyp bildi, şu aýyň başynda bolsa ýene-de 100 okuwçy azat edilipdi.
Niger welaýatynyň polisiýasynyň metbugat wekili Wasiu Abiodun ýekşenbe güni "işgärler bilen birlikde 130 pidanyň soňky toparynyň boşadylandygyny" aýan etdi. Dereksiz ýitendigi çak edilýän beýleki 35 okuwçy we mugallym bilen bagly soraga: "Jikme-jiklikler soňra paýlaşylar" diýip jogap berdi.
Şeýle-de bolsa, BMG-niň çeşmesi AFP-e beren beýanatynda, zamun alnan diýlip çaklanylýan onlarça adamyň hüjüm wagtynda gaçyp, öýlerine gaýdyp bilendigini, şonuň üçin zamun alnanlaryň hemmesiniň boşadylandygy görünýändigini aýtdy. Habar çeşmesi çagalaryň öýleriniň oba ýerlerinde ýaýrandygyny we obalara motosikl bilen barmak üçin birnäçe sagat gerek bolýandygyny, şonuň üçin anyk sany aýtmagyň kyn bolýandygyny beyan etdi.