SYÝASAT
2 minut okamak
Prezident Erdogan prowokasiýalara garşy duýduryş berdi
Prezident Erdogan NATO-nyň Eýrandan atylan üçünji raketany täsirsiz ýagdaýa getirmeginden soň prowokasiýalara garşy duýdyryş berdi.
Prezident Erdogan prowokasiýalara garşy duýduryş berdi
Prezident Erdogan prowokasiýalara garşy duýduryş berdi / AA
14 Mart 2026

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan,  ilkinji nobatda Türkiýäniň sebitara çaknyşyklardan çetde durmagyna uly ähmiýet berýändiklerini aýtdy we ýurduň söweşe goşulmagyny maksat edinýän prowokasiýalara garşy duýduryş berdi.

Erdogan anna güni beren beýannamasynda, “Ýurdumyzy bu otdan çetde tutmagy maksat edinýäris”diýdi.

Erdogan Ankaranyň Türkiýäniň söweşe goşulmagyny maksat edinýän meýilnamalara we prowokasiýalara garşy ünsli hereket edýändigini belledi.

Prezident Erdogan, Eýrana guralýan hüjümler we Eýranyň hüjümlere degişli gaýtawuly görkezýändigi sebäpli sebitde dartgynlygyň möwjeýän günlerinde möhüm beýannama berdi.

Beýleki tarapdan NATO Eýrandan Türkiýä atylan üçünji raketany täsirsiz ýagdaýa getirdi.

Prezident Erdogan Türkiýäni nyşana alan ähli howplara garşy degişli çäreleriň görlendigini we howa giňişligini goramaga dowam etjekdiklerini aýtdy.

Erdogan Türkiýäniň howa giňişligini bozan ähli howplara garşy çäre görendigini we düýn gije bolşy ýaly herekete geçilendigini ýatlatdy.

Messep dartgynlyklaryna garşy duýdyryş

Prezident Erdogan dowam edýän krizisleriň çäginde halka messep we etniki dartgynlykara garşy ünsli bolmaklary üçin çagyryş etdi.

Erdogan şuňa meňzeş dartgynlyklaryň Eýrana guralýan hüjümleriň we sebitdäki durnuksyzlygyň bilkastlaýyn möwjemegine sebäp bolup biljekdigini aýtdy.

Prezident Erdogan üýtgeýän geosyýasy şert sebäpli Türkiýäniň ünsli çemeleşmelidigini nygtady.

Prezident Erdogan “Täze döwre girýäris. Bu döwürde has çalt hereket edilmeli we ünsli çemeleşilmeli” diýdi.

Adamzadyň wyždany

Prezident Erdogan esasan Gaza meselesinde halkara jemgyýetçiliginiň görkezýän reaksiýasyny tankyt etdi.

Erdogan käbir ýurtlaryň zuluma we genoside dymmak bilen syn edýändigini, käbiriniň bolsa zulumyň jogapkärleri bolan aktýorlara açyk aýdyň goldaw berýändigini aýtdy.

Prezident Erdogan “Ýetim galan Palestinli we Siriýaly çagalaryň çekýän jebir jepasy, halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekmedi” diýdi.

Erdogan Türkiýäniň adamzadyň wyždany bolmagy üçin tagalla edýändigini sözleriniň üstüne goşdy.