Russiýanyň Kiýewe guran hüjümlerinde 4 adam ýogaldy, 10 adam ýaralandy
Ukrainanyň Harby-howa güýçleri Russiýanyň Kiýewe hüjüm etmeginden soň "bütin Ukrainanyň" raketa howpy astynda galandygyny duýdurdy. Resmiler hüjümde köp sanly asuda ilatyň ýaralanandygyny habar berdiler.
Kiýewiň şäher häkimi Witaliý Kliçko tarapyndan berlen beyanata görä, Russiýanyň Ukrainanyň paýtagtyna guran hüjümlerinde azyndan dört adam ýogaldy, 10 adam ýaralandy.
Kliçko Telegramdan beren beýanatynda: "Paýtagtda dört adam öldi. On adam ýaralandy. Olaryň bäşisi hassahana äkidildi. Beýlekileri wakanyň bolan ýerinde bejergi berildi" diýip habar berdi.
Russiýa düýn gije Ukrainanyň beýleki şäherlerini hem nyşana aldy. Ýurduň gündogaryndaky Harkowda hüjüm guralandygy baradaky habarlar heniz tassyklanmady.
Ukrainanyň Harby-howa güýçleri: "Duşmanyň hüjümçi uçarmansyz howa ulaglarynyň Kiýewe garşy giň gerimli hüjümi dowam edýär!" diýip belledi.
Ukrainanyň Harby-howa güýçleri "bütin Ukrainanyň" "raketa howpunyň" astyndadygyny tassyklady.