DÜNÝÄ
2 minut okamak
Türk Akademiýasynyň 15 ýyllygy Ankarada bellenilip geçiler
Halkara Türk Akademiýasynyň 15 ýyllygy 2025-nji ýylyň 18-nji noýabrynda, sagat 10:00-da Ankarada bellenilip geçiriler.
Türk Akademiýasynyň 15 ýyllygy Ankarada bellenilip geçiler
Türk Akademisi / TRT Turkmen
17 Noýabr 2025

Dabara Türk Akademiýasynyň başlygy Şahin Mustafaýew, Türki döwletleriň guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym, Türkiýe Respublikasynyň Söwda ministriniň orunbasary Özgür Wolkan Agar, TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew, TDG-niň Ýaşulular geňeşiniň Wengriýadaky wekili we Wengriýanyň Parlamentiniň agzasy Attila Tilki, Atatürk Adyndaky Medeniýet, Dil we Taryh Ýokary Geňeşiniň başlygy Derýa Örs, Türkiýäniň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Milli toparynyň başlygy Öjal Oguz, Türkiýäniň Ylymlar Akademiýasynyň (TÜBA) başlygy Muzaffer Şeker, Türk Medeniýeti we Miras Gaznasynyň başlygy Aktoty Raýymkulowa, TÜRKPA-nyň baş sekretarynyň orunbasary Saky Sadykow, TDG-nyň baş sekretarynyň orunbasary Mereý Mukajan, şeýle hem türk döwletlerinden diplomatik missiýalaryň wekilleri we akademiki jemgyýetçiligiň agzalary gatnaşarlar.

Çäräniň çäginde, Türk Akademiýasynyň soňky 15 ýylda neşir eden esasy ylmy işleri we monografiýalary görkeziler. Myhmanlara Akademiýanyň işlerini we gazananlaryny görkezýän ýörite surat sergisi we tanyşdyryş filmi görkeziler.

Mundan başga-da, Türk Akademiýasynyň türki döwletlerde durnukly ösüş, azyk howpsuzlygy, suw serişdelerini netijeli dolandyrmak, ulag we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek barada taýýarlan ýyllyk analitiki hasabatlaryna esaslanýan umumy sessiýa geçiriler.

Sessiýanyň dowamynda Akademiýa tarapyndan amala aşyrylýan taslamalaryň esasy hünärmenleri ylymy doklad bilen çykyş ederler.

 Türk Akademiýasynyň Umumy türki elipbiýinde neşir eden kitaplaryň tanyşdyrylyşy

 2025-nji ýylyň 19-njy noýabrynda "Türk dünýäsiniň jebisligine tarap täze gadam: Umumy türki elipbiýinde neşir edilen eserler" atly çäräniň çäginde sagat 10:00-da Türk Akademiýasynyň umumy türk elipbiýinde neşir eden Abaýyň "Gara Sözleri" we Çingiz Aýtmatowyň "Ak Gämi" eserleri tanyşdyrylar.

 Türk akademiýasy we TÜRKSOÝ tarapyndan bilelikde geçiriljek çärä Türk akademiýasynyň başlygy Şahin Mustafaýew, TDG-niň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym, TÜRKSOÝ-yň baş sekretary Sultan Raýew, Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý, AK partiýasynyň başlygynyň orunbasary Kürşad Zorlu, Türk Dil Guramasynyň başlygy Osman Mert, Çingiz Aýtmatow adyndaky institutyň başlygy Ilýas Topsakal we türk dünýäsiniň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.