Russiýanyň Woronež sebitine guralan dron hüjüminde otludaky 2 adamyň ýogalandygy, 17 adamyň bolsa ýaralanandygy nygtaldy.
Sebitiň gubernatory Aleksander Goussew, Telegramdan beren habarnamasynda, “Woronežde guralan terrorçylykly hüjümde gynansakda 2 adam ýogaldy, 17 adam hem ýaralandy” diýdi.
Russiýanyň Demirýollaryndan berlen beýannamada bolsa hüjüm sebäpli Treswýatskaýa-Somowo-Otrožka-Woronež liniýasynda elektrik togynyň kesilendigi we otly saparlarynyň saklanandygy ýatladyldy.




















