Ukrainanyň Ankaradaky ilçisi Gara deňizde türk kärhanalary tarapyndan dolandyrylýan iki gämä hüjüm guralanyndan soň Daşary işler ministrligine çagyryldy.
Daşary işler ministrliginiň çeşmeleriniň maglumatyna görä, türk kärhanalary tarapyndan dolandyrylýan "Lider Bordo Mawi" gämisi 26-njy awgustda Gara deňizde Russiýanyň Tuapse portunyň kenarynda hüjüme sezewar boldy.
Ertesi gün gämini çekmek üçin sebite iberilen "Lider Kojatepe" atly gämi hem nyşana alyndy.
Bu wakalardan soň, şenbe güni Ukrainanyň Ankaradaky ilçisi Daşary işler ministrligine çagyryldy we ol ýerde Türkiýäniň hüjümlere bolan reaksiýasy beýan edildi.
Duşuşykda türk resmileri Gara deňzinde adamlaryň janyny we emlägini goramagyň, gämi gatnawynyň howpsuzlygyny üpjün etmegiň we daşky gurşawy goramagyň zerurdygyny nygtadylar we zerur duýduryşlary berdiler.
Türkiýe 4-nji awgustda türk kärhanalaryna degişli iki sany raýat gämisiniň uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjümler guralmagy we aralarynda türk raýatlar hem bolan ekipaž agzalarynyň birnäçesiniň ýaralanmagyndan soň Russiýa-Ukraina urşunyň Gara denizde barha ýaýbaňlanýandygy barada duýduryş berdi.
Türkiýe uruşýan taraplara strategik taýdan möhüm Gara deňizde söwda gämi gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin dessine zerur çäreleri görmek barada birnäçe gezek çagyryş beripdi.



















