DÜNÝÄ
2 minut okamak
Türkiýäniň Çernogoriýadaky Ilçisi pyçakly hüjümiň gyssagly derňelmegini talap etdi
Türkiýäniň Çernogoriýadaky Ilçisi Baryş Kalkawan Podgorisada türk raýatlarynyň hem goşulan pyçaklama wakasynyn doly derňelmegini talap edip, daşary ksenofobiýa wakalaryna ünsleri çekdi.
Türkiýäniň Çernogoriýadaky Ilçisi pyçakly hüjümiň gyssagly derňelmegini talap etdi
Türkiýäniň Çernogoriýadaky Ilçisi pyçakly hüjümiň gyssagly derňelmegini talap etdi
31 Oktýabr 2025

Türkiýäniň Çernogoriýadaky Ilçisi paýtagt Podgorisada geçen hepdäniň ahyrynda garadagly raýatlardan birinin pyçaklanmagyna goşulandygy öňe sürülýän türk raýatlary bilen bagly gyssagly we giňişleýin derňew işiniň geçirilmegi üçin çagyryş etdi. İlçi wakanyň türk jemgyýetine garşy meçew bermä öwrülmeli däldigini nygtady.

Respublikanyň 102 ýyllygy we Respublika baýramçylygy mynasybetli banketde çykyş eden Baryş Kalkawan Çernogoriýanyň degişli edaralaryndan “türk raýatlarynyň goşulyşandygy öňe sürülýän pyçaklama jenaýatynyň gyssagly we doly ýüze çykarylmagyny, jenaýatçylaryň bolsa dessine adalata tabşyrylmagyna garaşýandyklaryny” beýan etdi.

Kalkawan: “Şahsy jenaýatyň türkleri garşy meçew bermä öwrülmegi gynandyryjy waka. Her gün dükanda, kafede, köçede salamlaşýan we söhbetdeş bolýan ýaşlarymyza ýüzlenesim gelýär; birnäçe  prowokatoryň alyna düşmäň. Türkiýe döwleti degişli wakalar we olaryň netijeleri boýunça gerek bolan ähli başlangyçlary eder. Emma men wagtyň geçmegi bilen öz wyždanlaryňyz hem wakany seljerer” diýdi.

Kalkawan Türkiýe bilen Çernogoriýanyň 146 ýyldan gowrak dowam edýän taryhy diplomatik gatnaşyklarynyň bardygyny we Çernogoriýanyň parahatçylygynyň hem-de abadançylygynyň Balkanlardaky durnuklylyk üçin iňňän möhümdigini nygtady.

“Ýokary tagallalar”

Ilçi soňky günlerde Çernogoriýanyň raýatlarynyň esasy böleginiň türk jemgyýeti bilen arkalaşýandygyny beýan edip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary “çuňňur, köp ugurly we ähli meçew bermeleri ýeňip geçjek güýje eýe” diýip, häsýetlendirdi.

Çernogoriýada ýaşaýan türk raýatlaryna hem türk hem-de Çernogoriýanyň häkimiýetleriniň howpsuzlygy üpjün etmek ugrunda “uly tagalla” edýändigine ynandyrdy.

Çernogoriýanyň habar beriş serişdelerinde “Podgorisada türk raýatlarynyň gatnaşmagynda pyçakly hüjüm guralandygy” hakynda habarlar çykypdy. Hüjümde ýaralanan raýatyň ölüm howpunyň ýokdugy beýan edildi.

Wakadan soň Çernogoriýanyň Premýer-ministri Miložko Spajiç X paltformasyndan beren habarnamasynda türk raýatlaryna wyzasyz syýahat düzgüniniň wagtlaýynça bes edilendigini habar beripdi. Bu karar paýtagtyň käbir etraplarynda dartgynlyklaryň artmagy we türklere garşy diskurslar bilen, kiçi porotestçi toparyň deport çagyryşlaryny edýän günlerinde kabul edildi.

Türk hâkimiýetleri we Podgorisadaky ilçihana duşmançylykly diskurslary ýazgaryp, wakanyň iki ýurduň arasyndaky uzak möhletli dostlukly gatnaşyklara zyýan ýetirmeli däldigini nygtadylar.

Öwren
Kolumbiýa Karibdäki dartgynlyk sebäpli ABŞ bilen aňtaw maglumatlaryny paýlaşmagy bes etmegi buýurdy
Ukraina bilen Russiýa ýesir çalşygy boýunça Stambulda gepleşik geçirýär
Onlarça ýyl tussaglykda bolan Hannibal Kaddafi kepillik bilen boşadyldy
Ysraýyl bilen gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagy häzirlikçe mümkin däl
Yrakda parlament saýlawy geçirilýär
Ysraýyl tarapyndan Liwana guralan hüjümde 1 adam ýogaldy
Ysraýyl ýaraşyk ylalaşygyna garamazdan, Gazadaky palestinalylaryň öýlerini ýumurdy we Han Ýunusa hüj
Ysraýylyň Ofer tussaghanasynda tussaglylar "betbagtçylykly" derejede rehimsizlige duçar bolýarlar
ABŞ-da hökümetiň ýapylmagy uçar saparlaryny bökdeýär
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Hamas Gazanyň Rafah şäherindäki çaknyşyklar üçin Ysraýyly aýyplaýar: "Biz boýun egmeris"
Lawrow Ukraina meselesi boýunça Rubio bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýar
Şara Tramp bilen duşuşmak üçin ABŞ-a gitdi
ABŞ Günorta Afrikada geçiriljek G-20 sammitine gatnaşmaz
BMG: “Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemäge dowam edýär”
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy