Ukraina ýekşenbe güni köp sanly gämini, şol sanda Russiýanyň kruiz raketa daşaýjysyny we üç nebit tankerini nyşana alandygyny habar berdi. Iki tarap hem özara uçarmansyz howa ulagy hüjümlerini amala aşyrdy we netijede azyndan sekiz adam öldi.
Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý ukrain güýçleriniň Leningrad sebitindäki Primorsk portunda sanksiýa girizilen nebiti daşamak üçin ulanylýan raketa enjamlaşdyrylan gämini we "kölege flotunyň" tankerlerini nyşana alandygyny aýtdy.
Zelenskiý Moskwanyň hüjümlerini dowam etdirse, Kiýewiň Russiýanyň energiýa infrastrukturasyna hüjümlerini güýçlendirjekdigi barada duýduryş berdi.
Zelenskiý: "Russiýa urşy islendik pursatda tamamlap biler. Urşuň möhlediniň uzaldylmagy biziň goranyş operasiýalarymyzyň gerimini giňelder" diýdi.
Rus resmileri hüjümden soň Primorsk portunda ýangyn bolandygyny tassykladylar, ýöne zyýanyň möçberi entek anyk däl.
Dartgynlylygyň güýçlenmegi bilen birlikde, iki tarapdan hem ýüzlerçe uçarmansyz howa ulagy ulanylyp, hüjümler guraldy.
Ukrainanyň Harby-howa güýçleri Russiýanyň bir gije 268 uçarmansyz howa ulagy we bir ballistik raketa uçurandygyny habar berdi, Moskwa bolsa Kiýewiň Russiýanyň territoriýasyna 334 uçarmansyz howa ulagyny uçurandygyny öňe sürdi.
Ukrainanyň Odessa, Herson we Dnepr sebitlerinde guralan hüjümlerde dört adam öldi we bir jaýa uly zyýan ýetdi. Russiýada we Russiýanyň gözegçiligindäki territoriýalarda bir ýetginjek bilen birlikde dört adam öldi.
Uruş dördünji ýyla gadam basmak bilen birlikde, parahatçylyk gepleşikleri çykgynsyz ýagdaýa geldi, şol bir wagtyň özünde gündelik howa hüjümleri artýar. Kiýew Russiýanyň territoriýasyna guralýan hüjümleriň Ukrainanyň şäherlerine yzygiderli guralýan hüjümleriň jogabydygyny öňe sürýär, Moskwa bolsa asuda ilaty nyşana alýandygyny ret edýär.









