Türkiýäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan şu gün Siriýa sapar guraýar. Ministr Fidan Siriýanyň daşary işler ministri Asad Hassan Şeýbani bilen duşuşyk geçirer. Şeýle hem, Fidanyň Siriýanyň prezidenti Ahmed Şara tarapyndan kabul edilmegine garaşylýar.
Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Siriýa saparynyň dowamynda howpsuzlyk meselesi iň möhüm gün tertibiniň meselelerinden biri bolar. ÝPG/SDG terror guramasyny dargatmak baradaky karar we integrasiýa prosesinde bolup geçýän wakalar ara alnyp maslahatlaşylar. Bu kararlaryň wagtynda ýerine ýetirilmeginiň möhümdigi nygtalar.
Ministr Fidanyň gün tertibinde Siriýanyň günortasyndaky ýagdaý hem bar. Siriýanyň howpsuzlygyna we durnuklylygyna barha howp salýan Ysraýylyň agressiýasyna üns berler. Ysraýylyň hüjümlerine jogap hökmünde halkara jemgyýetçiligi bilen bilelikde ädilmeli çareler gözden geçirler.
Duşuşyklarda şeýle hem Siriýanyň territorial bitewiliginiň, agzybirliginiň we özygtyýarlylygynyň goralyp saklanmagy meselesi ara alnyp maslahatlaşylar. Siriýaly türkmenler bilen birlikde jemgyýetiň ähli bölekleriniň deň raýatlyk esasynda ýurduň geljegine goşant goşmagynyň möhümdigi nygtalar.
Başga bir möhüm tema söwda, energiýa, ulag we baglanyşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek bolar. Sebitde söwdany we ulag ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen soňky taslamalar hem ara alnyp maslahatlaşylar. Türkiýäniň Siriýanyň ykdysady dikeldilmegini çaltlandyrmakda we sebitleýin gatnaşyklaryny dikeltmekde goldaw bermegini dowam etdirjekdigi nygtalar.

















