TÜRKIÝE
1 minut okamak
Erdogan Stambulyň duşmanyň basyp alyşlygyndan azat edilmeginiň 102 ýyllygyny hatyralap geçdi
Prezident Rejep Taýýip Erdogan Milli Azat edijilik uruşunyň "şehitleriň we weteranlaryň deňsiz-taýsyz pidakärlikleri, şeýle hem türk milletiniň ktutanýerliligi" bilen gazanylandygyny aýtdy.
Erdogan Stambulyň duşmanyň basyp alyşlygyndan azat edilmeginiň 102 ýyllygyny hatyralap geçdi
Rejep Taýýip Erdogan

Türkiye Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Stambulyň duşman basyp alyşlygyndan azat edilmeginiň 102 ýyllygy mynasybetli, garaşsyzlyk ugrunda janyny gurban eden şehitleri we weteranlary uly hormat bilen hatyralady.

Prezident Erdogan duşenbe güni Türkiyäniň sosial media platformasynda Nsosýal-dan beren beýanatynda, türk halkyna gutlag sözlerini beýan etdi we Milli Azat edijilik urşunyň "watanyny janyndan has gymmatly hasaplaýan şehitleriň we weteranlaryň deňsiz-taýsyz pidakärlikleri" we "türk milletiniň garaşsyzlygyny we azatlygyny goramak ugrundaky tutanýerliligi bilen" ýeňiş gazanandygyny aýtdy.

Erdogan: "Bu mübärek düşünje bilen, gadymy siwilizasiýamyzyň mirasyna esaslanan respublikamyzy goramak we goldamak, gazanan üstünlikleri bilen häzirki zaman siwilizasiýalarynyň derejesinden has ýokary derejä çykarmak we geljekde ony täze üstünlikler bilen güýçlendirmek bilen dowam etdirýäris" diýdi.

Prezident Erdogan, şeýle hem ýurduň azatlygy ugrunda göreşenleri hormat bilen hatyralaýandygyny belläp: "Bu ynam bilen Garaşsyzlyk ugrundaky söweşimiziň gahrymanlaryny hormat we rehimdarlyk bilen hatyralap geçýärin. Stambulyň buýsanç gününi ýene bir gezek gutlaýaryn we ähli raýatlarymyza tüýs ýürekden salam berýärin" diýdi.

Stambul 1923-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda, 4 ýyl dowam eden basyp alyşlygyň bes edilmegi bilen azat edildi we şol gün Respublikanyň şol aý yglan edilmeginiň öňüni açdy.

Öwren
Prezident Erdogan: "Ýurdumyzy sebitimizdäki çaknyşyklardan uzakda sakladyk" diýdi
Türkiýe Kanada gynanç bildirdi
Prezident Erdogan: Şu gün energetika taryhymyzda täze bir sahypa açýarys
Fidan Aziýada hyzmatdaşlyk we ynam güýçlendiriş çäreleri maslahatynyň 7-nji sammitine gatnaşdy
Daşary işler ministri Fidan Aziýa howpsuzlyk sammitine gatnaşmak üçin Baku gitdi
Prezident Erdogan Şiroka Pulany Kosowanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady
Prezident Erdogan: "Türkiýe Saud Arabystanynyň ýanynda" diýdi
Türkiýäniň BMG-däki hemişelik wekili Yyldyz kynçylyklara garamazdan Siriýanyň dogry ugurda öňe barýandygyny aýtdy
Prezident Erdogan Ministrler Kabinetiniň mejlisinden soň çykyş etdi
Burhanettin Duran Saud Arabystanynda guralan hüjümlere reaksiýa bildirdi
Prezident Erdoganyň “Türki dünýä” baradaky ýüzlenmesi
Türkiýe we Hytaý kosmos tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça ylalaşyga gol çekdi
MHG-nyň ýolbaşçysy Kalyn Siriýanyň Daşary işler ministri Şaýbani bilen duşuşdy
Erdogan we Putin telefon arkaly söhbetdeş boldular
Kanadanyň Premýer ministri Mark Karni Türkiýä ilkinji saparyny amala aşyrar
Prezident Erdogan MaşgalaFest çärelerine baryp gördi
Türkiýe Ysraýylyň Siriýadaky territorial düzgün bozmalaryny berk ýazgardy
Antalýada 77-nji Halkara Älem kongresi başlady
Stambul howa menzili gündelik 1587 uçar gatnawy bilen Ýewropanyň iň işjeň howa menzili boldy
TEKNOFEST Şanlyurfa şäherinde öz işini dowam etdirýär