Erdogan: YHG Siriýanyň ykdysady taýdan galknyşyna goldaw bermek üçin ýörite meýilnama başlatdy
Prezident R. T. Erdogan, Türkiýäniň siriýanyň halky üçin transportdan bilime, howpsuzlykdan söwda we saglykdan sosial hyzmatlara çenli ähli taraplaýyn goldaw bermäge dowam edýändigini aýtdy.
Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Ykdysady we söwda hyzmatdaşlygy ISEDAK-yň çäginde Siriýa goldaw bermek üçin ýörite meýilnama başladyldy.
Prezident R. T. Erdogan duşenbe güni beren beýannamasynda, Yslam dünýäsiniň goldaw bermeginiň Siriýanyň syýasy jebisligi we territorial bitewiliginiň goralmagy taýdan möhümdigini nygtady.
Erdogan duşenbe güni Stambulda geçirlen ISEDAK-yň ministrler derejesinde geçirlen 41-nji maslahatynda eden çykyşynda Türkiýäniň siriýanyň halky üçin transportdan bilime, howpsuzlykdan söwda we saglykdan sosial hyzmatlara çenli ähli taraplaýyn goldaw bermäge dowam edýändigini aýtdy.
Erdogan “14 ýylyň dowamynda siriýaly doganlarymyz uly kynçylygy başdan geçirdi. Baas ulgamynyň we terror guramalarynyň hüjümleri sebäpli 1 milliona dolaý siriýaly doganymyz ýogaldy. 3,6 milliony Türkiýede bolmak bilen millionlarça adam başga ýurda göçdi. Bu etapda siriýaly doganlarymyza ýer eýeçiligini etdik” diýdi.
Türkiýäniň doganlyk we goňşyçylyk wezipesini üstünlikli ýerine ýetirmäge çalşandygyny nygtan Erdogan “Hudaýa şükür siriýaly doganlarymyz uly ýeňiş gazandy” diýip belledi.
Erdogan, Siriýany 14 ýylyň dowamynda gan kölüne öwürenleriň 8-nji dekabrda wezipesinden çetleşdirlendigini we Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şaranyň liderliginde ýurduň gaýtadan dikeldiş etabynyň başlandygyny sözleriniň üstüne goşdy.