DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ysraýylyň harby goşuny ylalaşyga garamazdan Gazany bombalady
Ysraýyl 2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda gazanylan ylalaşygy ýüzlerçe gezek bozdy we 373 palestinlini öldürdi
Ysraýylyň harby goşuny ylalaşyga garamazdan Gazany bombalady
Ysraýylyň harby goşuny ylalaşyga garamazdan Gazany bombalady / Reuters
9 Dekabr 2025

Ýerli çeşmeleriň berýän habaryna görä, Ysraýylyň harby boşuny duşenbe güni Gazada ylalaşygy bozmaga dowam etdi. Gözegçiligi astyndaky sebitlere ýaragly hüjüm gurady.

10-njy oktýabrda gazanylan ylalaşyk Ysraýylyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri dowam etdirýän 70 müňden gowrak adamyň ýogalmagyna we 171 müňden gowrak adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan genosid söweşini bes etmeginde uly rol oýnapdy.

Ýerli çeşmeler “Anadoly habarlar” gullugyna beren beýannamasynda, Ysraýylyň basyp alyşlygy astyndaky Rafah şäheriniň günbatarynda ýaşaýyş jaýlaryny nyşana alandygyny we şäheriň gündogaryna od açandygyny aýtdy.

 Ysraýylyň harby goşuny Han Ýunusyň gündogarynda we basyp alan sebitlerine dikuçarlar bilen hüjüm gurady.

Gaza ylalaşygyny ýüzlerçe gezek bozan Ysraýyl 373 palestinlini öldürdi, 970 adamy ýaralady.

Ysraýylyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri guraýan hüjümlerinde esasy bölegi zenanlardan we çagalardan ybarat 70 müňden gowrak adamy öldürdi we 171 müňden gowrak adamy ýaralady.