Wenesuela ABŞ-nyň goýan “doly nebit gabawyny” bikanun hüjüm hökmünde ýazgardy

Waşington Karip adalaryndaky harby gysyşyny güýçlendirýän bolsa, Karakas nebit tankerlerine giň gerimli çäklendirmeler girizen Prezident Donald Trampyň kararynyn halkara hukuk kadalaryna bap gelmeýandigini beýan edýär.

By
Wenesuela ABŞ-nyň goýan “doly nebit gabawyny” bikanun hüjüm hökmünde ýazgardy / Reuters

Wenesuela sişenbe güni Waşingtonyň “doly gabaw” atlandyrýan nebit tankerleri boýunça girizen çäklendirmesini ýazgardy we ABŞ-nyň halkara hukuk kadalaryny bozýandygyny we Karip adalarynda howpsuzlyk çaknyşyga meçew berýändigini mälim etdi.

Prezidentiň orunbasary Delsi Rdorigez Prezident Donald Trampyň başlangyjynyn erkin söwda we syýahat azatlygy kadalaryny bozýan “gödek we uly howp” haşýetine eýedigini aýtdy.

Rodrigez karary Wenesuelany ykdysady taýdan çökermäge we tebigy baýlyklary arkaly gözegçilik astyna almak boýunça aç-açan başlangyç hökmünde häsýetlendirdi.

Bu reaksiýa Trampyň sanksiýa girizilen gämileriň Wenesuala gelip-gitmegine “doly we gyşarnyksyz gabaw” üçin görkezme bermeginden soň bildirildi.

“Wenesuela Trampyň emlägi däldir”

Resmi Karakas karary “grotesk” hökmünde häsýetlendirdi we Trampyň, Wenesuelanyň nebitiniň, territoriýasynyň we magdan känleriniň ABŞ-na degişli ýaly hereket edýändigini beýan etdi.

Beýannamada; “Tramp Wenesuelanyň baýlyklaryny öz emlägi hasap edýär” diýilýär.

Tramp özüne degişli “Trut sosial” platformasyndan beren habarnamasynda Wenesuealanyň “Günorta Amerikanyň taryhynyň iň uly deňiz floty bilen gabaw astyna alynandygyny” öňe sürdi we gysyşyň Karakas “ABŞ-dan ogurlan ähli nebitini, ýerlerini we beýleki emlaklerini” yzyna berýänçä dowam etjekdigini aýtdy.

Tramp şeýle diýmek bilen, geçen on ýyllyklarda Wenesuelanyň ABŞ-na degişli emläkleri millileşdirendigine ünsleri çekýar.

Bu dartgynlyk birnäçe aýdan bäri dowam edýän Amerikan gysyşynyň iň ýokary çäge ýetendigini görkezýär. ABŞ soňky dört aýyň dowamynda Karip adalaryndaky harby güýçlerini artdyrdy we bikanun neşe söwdasyny edýändiginden şübhelenilýän gämilere operasiýalar gurady.

Tramp şeýle hem Amerikan güýçleriniň Wenesueala guryýerden hüjüm gurap biljekdigini duýrdurdy.

Dartgynlyk 10-njy dekabrda Amerikan güýçleriniň Wenesuelanyň deňiz ýalpaklarynda sanksiýa girizlen nebit tankerlerinden biri ele salmagyndan soň möwç aldy-Karakas bolsa ony “halkara garakçylyk” hökmünde häsýetlendirip, ýazgardy.

Waşington görüýän çäreleriniň netijesinde daşary ýurt terror guramalaryny maliýeleşdirmek üçin ulanýandygy öňe sürülýän bikanun nebit gatnaw toruny dargadandygyny beýan edýär. Wenesuela bolsa bu başlangyçlaryň ykdysady urşy we deňiz gatnawyna hakyndaky halkara kadalaryň bozulmagyny aňladýandygyny nygtaýar.