Eýran Trampyň arakesme berendigine garamazdan gaz desgalaryna hüjüm guralandygyny habar berdi
Ysraýyl bilen ABŞ-nyň Yspyhandaky we Hürremşehrdäki tebigy gaz desgalaryna hüjüm gurandygy habar berildi.
Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri sişenbe güni Ysraýyl bilen ABŞ-nyň iki tebigi gaz desgasyny we turba geçirijisini nyşana alandygyny haber berdi.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň energetika infrastrukturasyna gurajak hüjümleriň yza süýşürlendigi hakynda beýannama bermeginden birnäçe sagat soň guralan bu hüjümler ünsleri özüne çekdi.
Fars habarlar gullugy “Sionist ulgam we duşman ýurt Amerika Yspyhanda Kaweh köçesinde ýerleşýän tebigy-gaz desgasyny nyşana aldy” diýdi.
Habarlar gullugy Eýrandaky desgalara zeper ýetirlendigini habar beren ýeke-täk köpçülikleýin habar beriş serişdesi boldy.
Habarlar gullugy mundan başgada ýurduň günorta günbatarynda ýerleşýän Hürremşehr tebigy-gaz turba geçirijisiniň hüjüme sezewar bolandygyny mälim etdi.
Şäher häkimligi hüjüme garamazdan desganyň öz işini dowam etdirýändigini we gaz üpjünçiliginde hiç hili kynçylygyň ýokdygyny aýan etdi.
Tramp duşenbe güni AFP habarlar gullugyna beren beýannamasynda Eýran bilen geçirilýän gepleşikleriň netijelidigini aýdypdy.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Eýran Yslam Respublikasynyň energetika desgalaryny nyşana almak baradaky kararyny 5 gün yza süýşürendigini mälim edipdi.
Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bolsa duşenbe güni söweşiň bes edilmegi bilen arabaglanşykly hiç hili gepleşigiň geçirilmeýändigine ünsi çekdi.