Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerif Azerbaýjanda saparda boldy
Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerif, Bakuwyň Garabag ýeňişi barada öwgüli sözler aýtdy.
Pakistanyň Premýer-ministri şahbaz Şerif anna güni Bakuda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy.
Pakistan tarapyndan berlen beýannama görä, iki lider duşuşykda söwda, energetika we goranmak senagaty boýunça edilýän gatnaşyklaryň ösdürilmegi barada ylalaşyk gazandy.
Prezident köşgünde geçirlen duşuşyga Pakistanyň Baş ştabynyň başlygy marşal Asim Munir hem gatnaşdy.
Şerif, Aliýewe Azerbaýjanyň Ýeňiş gününe bagyşlanyp geçiriljek dabaralara gatnaşmak üçin çagyrandygy sebäpli sagbolsun aýtdy.
Pakistanyň Premýer-ministri Şerif, 2020-njy ýylda gazananylan Garabag ýeňişi mynasybetli Azerbaýjanyň hökümetini we halkyny gutlady.
Şahbaz Şerif, “Azerbaýjanyň ýeňişi, Hindistanyň basyp alyşlygy astyndaky Kaşmiriň we Palestiniň başda durmagynda öz ykbalyny kesgitlemek üçin göreşýän halklary umytlandyrdy” diýdi.
Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şerif, üstümizdäki ýylyň başynda Ermenistan bilen taryhy parahatçylyk şertnamasyny baglaşan Aliýew hakynda öwgüli sözler aýtdy.
Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew bolsa Pakistanyň Garabag göreşinde Azerbaýjana beren goldawlary üçin minnatdarlyk bildirdi.
Aliýew, Pakistanyň Günorta Aziýa sebitinde durnuklylygyň ýola goýulmagynda uly rol oýnaýandygyny belledi
Şerif, Aliýewi Pakistana çagyrdy we Azerbaýjanyň Prezidenti çakylygy kabul etdi.
Azerbaýjanda 2020-njy ýyldaky Garabag ýeňişiniň 5 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär.