ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, ylalaşygyň möhlediniň uzadylmagy we Ormuz bogazynyň gaýtadan açylmagy üçin Eýran bilen geljek hepde ylalaşyk gazanylyp bilinjekdigini aýtdy.
Donald Tramp “ABC Nýus” kanaly telefon arkaly beren beýannamasynda “Gepleşik etaby oňyn görünýär” diýdi.
“Käbir kiçi girim kynçylyklar başdan geçirildi, emma hötdesinden geldik” diýen Tramp, kynçylygyň Ysraýylyň Liwana guraýan hüjümleriniň eýranlylary biynjalyk edendigi sebäpli başdan geçirlendigini belledi.
Tramp, “Şol sebäpli Hizbullah bilen gepleşdim we “hüjüm etmäň” diýdim. Ysraýylyň Premer-ministri Binýamin Netanýahu bilen hem gepleşdim we hüjüm etmezliklerini isledim. Taraplar hüjümlerini bes etdi” diýdi.
Tramp Eýran bilen parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmagynyň harby ýeňişden has amatly boljakdygyny aýtdy.
ABŞ-nyň Prezidenti Tramp, ylalaşygyň möhlediniň uzadylmagy we bogazyň gämilere açylmagy meselesinde öňümizdäki hepde ylalaşyk gazanylyp bilinjekdigini ýatlatdy.
Duşenbe güni Trampyň Hizbullah bilen gepleşik geçirendigini mälim etmeginden soň Liwan, Hizbullahyň Ysraýyla hüjüm etmegi etmegi bes etmeginiň öwezine Ysraýylyň hem Beýruda guraýan hüjümlerini bes etmegi kabul edendigini habar berdi.










